bölüm 906, süre şura, aýat 40-43
bölüm 906, süre şura, aýat 40-43
راهی بسوی نور(906)
Şura süresi , 40-njy aýat :
وَجَزَاء سَيِّئَةٍ سَيِّئَةٌ مِّثْلُهَا فَمَنْ عَفَا وَأَصْلَحَ فَأَجْرُهُ عَلَى اللَّهِ إِنَّهُ لَا يُحِبُّ الظَّالِمِينَ (40)
<< we erbetligiň jezasy deň derejedäki erbetlikdir . onda her kim geçirimlilik edip ( ýagdaýy ) düzeltse onuň serpaýy allanyň tarapyndan berler dogurdanda ol sütemkärleri gowy görýän däldir .>>
Geçen gepleşigiň soňky aýatynda sütemkärleriň we zalymlaryň garşysynda durmagyň ähmiýetinden aýtdyk , şu hasap bilen çyn mömin adam sütemiň garşysynda dymyp oturýan däldir we gerek bolan ýerinde özgelerden kömek alyp sütemkäre garşy göreşýändir . gurhany kerim şol aýatyň dowamynda hem bu aýatda aýdýar : elbetde hatakär adama jeza bermekde hetden geçimeli däldir eýsem onuň eden sütemine gürä adalat esasynda oňa jeza bermelidir gurhany kerim bakara süresiniň 194-nji aýatynda hem hatakäriň we zalymyň hatasyna we etmişine laýyk jeza bermek usulyny nygtandyr . gurhany kerim bu aýatyň dowamynda hem aýdýar : egerde sütemkär adam özüniň eden etmişinden puşman bolup ötünç sorasa onuň ýazygyny geçiň we ol bilen ýaraşyň, siziň ýaraşmagyňyz allanyň ýanynda söýerlidir we alla onuň üçin size serpaý berer .
Şübhesiz allanyň bu tabşyrgysy zülümdan we zalymdan atka çykjak maanasynda däldir eýsem alla , köpçülikden öýke- kinäň aýrylyp ýaraşygyň ber karar bolmagy ugrynda bu tabşyrgy berendir .
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- sütem edýän zalyma jeza bermeklik mazlumyň üstüne düşýändir ol islese adalat esasynda jeza berer islese hem onuň jezasyny geçer . elbetde jeza bermeli bolanda jeza hokman edilen zülüme görä bolmalydyr we sütem gören adamyň jeza bermekde hedden geçmegi dogry däldir .
2- din, hata eden adamyň hatasynyň geçilmegini tabşyrýandyr bu geçirimliligiň allanyň ýanynda uly serpaý bardyr .
3- köpçülikde kanunyň we adalatyň ýola goýulmagynyň ýanynda adamlara dostlyk doganlyk we geçirimlilik diýlen zatlary hem öwretmelidir şonuň üçin hem gurhanda gasas hakynda gelen aýatlarda geçirimlilikden we onuň ähmiýetinden hem gürrüň bolandyr.
Şura süresi , 41 we 42-nji aýatlar :
وَلَمَنِ انتَصَرَ بَعْدَ ظُلْمِهِ فَأُوْلَئِكَ مَا عَلَيْهِم مِّن سَبِيلٍ (41) إِنَّمَا السَّبِيلُ عَلَى الَّذِينَ يَظْلِمُونَ النَّاسَ وَيَبْغُونَ فِي الْأَرْضِ بِغَيْرِ الْحَقِّ أُوْلَئِكَ لَهُم عَذَابٌ أَلِيمٌ (42)
<< sütem görenleri soň ( ar almak üçin ) kömek soran adamlara ( hiç hili käýinç ) bolmaz // käýinç olar üçindyr weli ýer ýüzünde na hak azgynçylyk edip halka sütem edýändirler. olara güýçli azap taýýar edilendir .>>
Gurhany kerim geçen aýatda zalymlara jeza bermek ýada geçirimlik etmek hakda söz açan soň bu aýatda ýene bir gaýtar geçirimlik etmegiň meselesine dolunyp : elbetde zülüm gören adamyň geçirimlik etmegi onuň isleg yradasy bilen bolmalydyr meýletin bolmalydyr mrjburlyk ýüzünden bolmaly däldir sebäbi ol islese jeza bermäge haklydyr we hatda bir özi jeza bermegiň hütdäsinden gelmese bu meselede özgelerden kömek sorap hem bilýändir . onda mazlum adam özüniň hakyna ýetmek üçin tagalla edip biler we ony bu tagallalary üçin käýemeli däldir sebäbi onuň edýän bu tagallalary hata ýada ýalňyş iş däldir aslynda il gün birini käýejek bolsa özgeleriň hak hukuklaryny aýak aşaga salýan adamy käýemelidir we özlerini özgelerden ýokarda saýyp kanuny aýak aşaga salmak bilen buzgunçylyk edýän adamy käýemelidirler . bu hili adamlar dünýäde il günüň käýinjine we kýamatda hem duzahyň oduna sezewardyrlar .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- mazlum adam özgelerden kömek soramaga haklydyr we il gün hem bu meselede ony goldamalydyr .
2- özgeleriň hak hukukyna el gatmaklyk her kimiň tarapyndan bolsada- yzarlanyp el gatyjy suda çekilmelidir .
3- il arasyndaky kanunlary we ylahy kanunlary aýak aşaga salyp azgynçylyk edýän adamlary köpçülige tanadyp reswa etmelidir sebäbi bu hil azgynçylyklar köpçüligi pysada çekýändir.
Şura süresi , 43-nji aýat :
وَلَمَن صَبَرَ وَغَفَرَ إِنَّ ذَلِكَ لَمِنْ عَزْمِ الْأُمُورِ (43)
<< we ehr kim sabyrly bolup geçirimlilik etse şübhesiz bu iş berk ( sogap ) işlerdendir. >>
Gurhany kerim bu aýatda hem ýene bir gaýtar geçirimlilik etmek meselesine dolunyp aýdýar : sütem gören adam aryny almakda özüni hakly bilip geçirimli bolmagy unutmaly däldir eýsem rähimdar bolup geçirimlilige hem oýlanmalydyr , elbetde özgäniň hatasyny we eden sütemini geçimeklik kyn zat, şondan gelende bu kyn işe sabyrly bolup geçirimlilik etmelidir bu geçirimlilik gaty sogaply işdir, sebäbi geçirimlilik edýän adam özüniň gara nebsini aýak aşaga salyp öz hakyndan geçýändir bu bolsa uly yradany talap edýändir şonuň üçin hem geçirimlik edip bilýän adam berk yradaly ynsandyr we bu yrada bilen hem gerek bolan ýerinde öz hakyndan hem geçýändir .
Gurhany kerimiň aýatlarynda sütem güren adamyň hak hukuklary barada iki hili tabşyryk berlendir birinji tabşyryk esasynda sütem güren adam sütemne sezewar bolan adam syny jezalandyrmaga haklydyr . ikinji tabşyryk esasynda hem sütem güren adam geçirimlilik etmelidir . elbetde indi jeza bermelimi? Ýada geçirimlilik etmelimi ? bu meselr ýagdaýa baglydyr dimek sütem gören adam ýagdaýa gürä bu meselede karara gelmelidir . kä mahallar zalym adam özüniň eden etmişinden puşman bolup ötünç ýar kä mahallar hem zalym adam özüniň eden etmişini dogry bilip ötünç maýar we edýän bozgynçylykly işlerini dowam edýär şeýlede sütem gören adamlar hem parhly bolýarlar olaryň käleri kermli we beýik adamlar bolýarlar halkyň tewellasyny kabul edýän adamlar bolýarlar şu hili adamlar garşy tarapyň puşmanlygyny bilen soň ara düşýän adamlaryň tewellasyny kabul edip özleriniň özgeden gören sütemlerini geçýärler . gurhany kerim özüniň bir näçe aýatynda bu meseläni näçe tarapdan barlap her bir ýagdaýa gürä höküm çykarmak bilen ýol görkezendir.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- gasas etmek hak bolsada gurhany kerim geçirimli bolmagy tabşyrandyr bu bir ahlagy tabşyrykdyr we onda mejburlyk ýokdur .
2- geçirimli we sabyrly bolmaklyk, allanyň ynsan üçin gaty ýagşy görýän hasiýetlerindendir.
3- yslam hemme taraplaýyn dindir we mazlumyň hakyny resmiýete tanymagyň ýanynda oňa geçirimli bolmagy hem tabşyrýandyr.
///////////