bölüm 931, süre Jasiýe, aýat 21- 25
bölüm 931, süre Jasiýe, aýat 21- 25
راهی بسوی نور(931)
Jasiýe süresi, 21 we 22-nji aýatlar:
أَمْ حَسِبَ الَّذِینَ اجْتَرَحُوا السَّیِّئَاتِ أَنْ نَجْعَلَهُمْ کَالَّذِینَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ سَوَاءً مَحْیَاهُمْ وَمَمَاتُهُمْ سَاءَ مَا یَحْکُمُونَ ﴿٢١﴾ وَخَلَقَ اللَّهُ السَّمَاوَاتِ وَالأرْضَ بِالْحَقِّ وَلِتُجْزَى کُلُّ نَفْسٍ بِمَا کَسَبَتْ وَهُمْ لا یُظْلَمُونَ ﴿٢٢﴾
- telek işlere baş goşan adamlar! biz olary iman getirip ýagşy işleri eden adamlar hatarynda göreris we olaryň ikisiniň-de ýaşaýyşy we ölümi deň derejede bolar diýen gümanda bolýarlarmy? Olar ne erbet karardadyrlar // we alla gökleri we ýeri hak bilen ýaratdy tä her kim öz gazanan kesbinden serpaý alsyn we olara sütem edilmez. >>
Geçen gepleşiklerde möminleriň we kapyrlaryň kyýamatda ýüz be ýüz boljak ykballaryny aýdyp berdik . gurhany kerim şol gürrüňleriň dowamynda bu aýatlarda kapyrlar bilen möminleriň hal ýagdaýny deňeşdirip aýdýar: alla kyýamatda telek ynsanlar bilen ýagşy ynsanlara bir hili çemeleşer diýip güman edýäňizmi? Dünýäde her bir telek işi eden ynsan bilen halkyň gullugynda bolan ýagşy adamlaryň kyýamatda ykballarynyň deň bolmagy kabul ederlimi ? ýagşy iş bilen telek işi ynsanyň ykbalynda hiç hili täsiri ýok diýip aýdýanlaryň pikirni kabul edip bolarmy ? elbetde bu pikir ýalňyş we nä dogry pikirdir we möminler bilen kapyrlaryň ykballary kyýamatda hergiz deň bolmaz, kyýamatda möminler özleriniň ýagşy işleriniň we imanlarynyň saýasynda kölegeläp asuda oturarlar dünýäde hem bu hili ynsanlar allanyň beren wadalaryna umytly bolup kynçylyklardan gorkman umytly ýaşaýandyrlar we gelejegi aýdyň bilýändirler. ýöne kapyrlar pysat işlere ulaşyp hemişe gorkyda ýaşaýandyrlar olar hatda bolelin ýşaýyşdan paýly bolsalarda şol ýaşaýyşyň ýok olmagyndan gorkup asuda ýaşap bilýän däldirler. hidaýat nury möminleri bir gawy we aýdyň maksada tarap alyp gidýändir ýöne kapyrlaryň ýüreginde iman nury ýokdur we olar maksatsyz garaňkylyga tarap barýandyrlar .
Baky saraýa tarap deşik açýan ölüm mahaly hem bu iki toparyň ykbaly birek-birege meňzeş däldir. mömin ynsanlara ölüm mahaly behişt bilen buşluk berler ýöne kapyrlara: siz dowzahyň gapysyndan giriň onda hemişelik galjak halyňyzda” diýlip aýdylar . bu aýatlar esasynda gökleriň we ýeriň ýaradylşy hak we adalat bilen bolandyr diňe bir ynsanyň ýaşaýyşy däl eýsem bütin närseleriň ykbaly hak esasynda belli edilendir . oňa görä taňry tagala hiç kime sütem etmez şeýlede alla ynsanlary öz halyna goýberen däldir eýsem alla özüniň adalaty esasynda ynsanlaryň amallaryna serpaý ýada jeza berjekdir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklar :
1- alla barada ýaman gümanda bolmaly däldir. alla ynsanlara arzu hyýallary esasynda dälde eýsem olaryň eden amallaryna görä jeza ýada serpaý berýändir .
2- imanyň ýanynda ýagşy amal , kapyrlygyň ýanynda telek amal, ynsanyň ýaşaýyşynda we onuň kyýamatda ykbalynyň nähili bolmagynda täsirlidirler.
3- alla tagala barlygy hak bilen ýaradandyr. oňa görä alla ynsanlara hem hak we adalat esasynda çemeleşjekdir.
4- kyýamatyň dikeldilmeginiň maksady allanyň hikmetini bildirmek we adalatyny görnüşe çykarmakdyr. şonda ýaradylyşdan yzarlanylýan maksat durmuşa geçer.
Jasiýe süresi, 23-nji aýat :
أَفَرَأَیْتَ مَنِ اتَّخَذَ إِلَهَهُ هَوَاهُ وَأَضَلَّهُ اللَّهُ عَلَى عِلْمٍ وَخَتَمَ عَلَى سَمْعِهِ وَقَلْبِهِ وَجَعَلَ عَلَى بَصَرِهِ غِشَاوَةً فَمَنْ یَهْدِیهِ مِنْ بَعْدِ اللَّهِ أَفَلا تَذَکَّرُونَ ﴿٢٣﴾
<< haý-höwesine we gara nebsine hudaý hökmünde bendelik eden kimsäni gördüňmi? Alla ony bilgişleýin gumralykda galdyrdy we onuň gulagyna we ýüregine mohur urdy we gözleriniň öňüne perde çekdi . onda alladan soň kim ony hidaýat edip biler ? şonda-da ybrat almaýarsyňyzmy?>>
Gurhany kerim bu aýatda günä işleriň köküne yşarat edip aýdýar : günäkär adamlar , özleriniň gara nebisleriniň we haý-höwesleriniň isleglerini dogry bilip şol zatlara ýetmek üçin her bir işi dogry bilýärler. olaryň haram islegleri, olaryň ýüreklerinde allanyň ornunda oturandyr. olar öz haram isleglerine ýetmek üçin hatda akyllaryny hem elden berýärler. bu hili ynsanlaryň gözlerine we gulaklaryna mohur urlan ýaly haky görmejekdikleri ýada eşitmejekdikleri öz-özündeb belli zat . bu hili pikre eýerýän adamlar hatda alym hem bolsarda we köp zatlary bilselerde akyllary dogry işleýän däldir we olar öz haram isleglerine ýetjek bolup gumra bolup allanyň gazabyna duçar bolýandyrlar.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1- taryh boýunda kapyrlar diňe Butlara , aýa , güne ýada beýleki närselere hudaý diýip olara çokunan däldirler, eýsem olardan öz gara nebislerine bendelik edip gumra bolanlary hem az däldir .
2- bir ynsan öz gara nebsine we haý-höweslerine bende bolsa ylym-bilim hem oň işine ýaramaz eýsem bu hili adamlar hemişe gara nebisleriniň isleglerini kanagatlandyrjak bolup öz akyllaryny hem elden berýändirler . bu hili adamlar çylymyň zyýanlydygyny bilýän halynda çylym çekýän tebipleriň mysalyndadyr .
3- haý-höwes ynsanyň gözüni gapyp hakykatlary öňe çöwre görkezýändir . oňa görä gara nebsiň islergleri ynsany gümralykdan aýry ýere äkitmez.
Jasiýe süresi, 24 we 25-nji aýatlar :
وَقَالُوا مَا هِیَ إِلا حَیَاتُنَا الدُّنْیَا نَمُوتُ وَنَحْیَا وَمَا یُهْلِکُنَا إِلا الدَّهْرُ وَمَا لَهُمْ بِذَلِکَ مِنْ عِلْمٍ إِنْ هُمْ إِلا یَظُنُّونَ ﴿٢٤﴾ وَإِذَا تُتْلَى عَلَیْهِمْ آیَاتُنَا بَیِّنَاتٍ مَا کَانَ حُجَّتَهُمْ إِلا أَنْ قَالُوا ائْتُوا بِآبَائِنَا إِنْ کُنْتُمْ صَادِقِینَ ﴿٢٥﴾
<< we aýtdylar : şu dünýäň ýaşaýyşyndan aýry ýaşaýyş bolmaz , ölüris we direleris we bizi tebigat we pelekden aýry zat ýok etmez” diýip . ýöne olaryň bu aýdýan zatlaryna hiç ylymlary ýokdur we olar diňe öz gümanlaryna eýerip ( bu zatlary aýdýandyrlar) // we haçanda ( kyýamat baradaky ) biziň aýdyň aýatlarymyz olara okalanda, olaryň “aýdýanyňyz dogry bolsa onda biziň ata-babalarymyz direldiň” diýip aýdamasalar (olaryň başga aýdara zatlary ýokdur). >>
Gurhany kerim geçen aýatda ynsanyň öz haý-höwesine eýerip hakdan daş düşmegi barada gürrüň bermekden soň bu aýatlarda ynsanyň öz gara nebsine eýermeginiň netijelerine yşarat edip aýdýar : öz gara nebsiniň we haý-höwesiniň yzyna düşüp haram lezzetleriň yzynda bolan ynsanlar kyýamaty inkär edýändirler olar “biz ölüris ölüm bilen hem ýok olarys ölümden soň bizden hiç zat galmaz, biz bir gün dünýä geldik bir gün hem dünýeden gaýtmaly ölümden soň eden etmişlerimiz üçin jogap berer ýaly ýene bir dünýäniň bolmagy bir boş gürrüňdir” diýip aýdýarlar . olaryň kyýamaty inkär etmek üçin hiç bir delelleri ýokdur olar diňe güman bilen bu gürrüňleri aýdýandyrlar. olar , möminlere ýüzlenip : egerde kyýamat hak bolsa we kyýamatda direlmek hak bolsa onda şu dünýäde biziň ölün ata babalarymyzy direldiň tä bizde siziň aýdýanlarňyzy kabul edeili” diýip aýdýarlar. Alla tagala şu dünýäde özüiň ölüleri direldip bilmegine delalat edýän nyşanlary görkezip duran halynda kapyrlar bu sözleri dile getirýändirler .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- haý-höwüslerine eýerip lezzetleriň yzynda bolýan adamlar öz haram işlerini arkaýynlykda dowam eder ýaly kyýamaty inkär edýändirler.
2- kyýamaty inkär edýän adamlaryň elinde kyýamaty inkär eder ýaly hiç hili delilleri ýokdur eýsem olar diňe güman ýüzünden kyýamaty inkär edýändirler .
3- kyýamaty inkär edýän adamlar, edil akyllary gözlerinde ýaly: “ata-babalarymyzyň direlmeklerini öz gözlerimiz bilen görmesek kyýamaty kabul edmeris” diýip aýdýandyrlar.