Apr 07, 2025 12:40 Asia/Ashgabat

bölüm 938, süre Älähkaf, aýat 19- 23

راهی بسوی نور(938)

 

Älähkaf süresi, 19-njy aýat :

وَلِکُلٍّ دَرَجَاتٌ مِمَّا عَمِلُوا وَلِیُوَفِّیَهُمْ أَعْمَالَهُمْ وَهُمْ لا یُظْلَمُونَ ﴿١٩﴾

<< we olaryň hersine ýerine ýetiren amallarynyň esasy boýunça derejeler bardyr we perwerdigär, işleriniň jezalaryny kämil berýär we olara zülüm- sütem boljak däldir. >>

Geçen gepleşikde iki topar ilata yşara boldy. birisi iman ähli bolup öz ene-atasyna ýagşylyk edýän topardyr ikinji topar hem allanyň barlygyny inkär edip öz ene atasynyň hak hukukyna ünis bermeýän topardyr gurhany kerim bu aýatda aýdýar: Allatagala kyýamat gününde bu iki toparyň her gaýsyny olaryň işleri we amallary boýunça ölçäp olara paý padaş berjekdir ýada jezalandyrjakdyr. elbetde bu jezalar hem olaryň niýetleri we amallarynyň derejesine gürä parhly boljakdyr. bu aýatyň dowamy , perwerdigäriň jeza älemindäki adlyny nygtap şeýle diýär : her kimse öz işiniň netijesini kämil suratda elgerjekdir we hiç kimse eden etmişinden artykmaç zerreçe sütem ediljek däldir.

Gurhany kerimiň bu aýatyň öwredýän sapaklary :

1- her kimiň dünýe we ahyretdäki ýazgydy öz erkindedir we adamyň kyýamatdaky orny onuň niýetleri we işleri boýunça boljakdyr.

2- zamanyň geçmegi bilen ynsanyň işleri ýok bolup aradan aýrylýan däldir eýsem onuň işleri we onuň amallarynyň täsiri adamyň amal depderinde bitdirilip kyýamat gününde şonuň esasyna adamlara jeza ýada serpay beriljekdir.

Älähkaf süresi, 20-nji aýat :

وَیَوْمَ یُعْرَضُ الَّذِینَ کَفَرُوا عَلَى النَّارِ أَذْهَبْتُمْ طَیِّبَاتِکُمْ فِی حَیَاتِکُمُ الدُّنْیَا وَاسْتَمْتَعْتُمْ بِهَا فَالْیَوْمَ تُجْزَوْنَ عَذَابَ الْهُونِ بِمَا کُنْتُمْ تَسْتَکْبِرُونَ فِی الأرْضِ بِغَیْرِ الْحَقِّ وَبِمَا کُنْتُمْ تَفْسُقُونَ ﴿٢٠﴾

<< we kapyrlary oda salynan güni olara aýdylar: siz dünýedäki ýaşaýyşyňyzda arasta nygmatlaryňyzy saryp edip ondan paýly bolandyrsyňyz we bu günüňyz üçin hiç bir zat suýşuryp goýan dälsiňiz. onda bu gün, nähak suratynda boýun gaçyrmagyňyz sebäpli harlaýjy azaplar bilen jezalandyryljaksyňyz. >>

Dünýede perwerdigäriň lutfy rahmaty bütin ynsanlary hä mömin bolsun ýada kapyr  bolsun öz içine alýandyr we perwerdigär öz mady we dünýewi nygmatlaryny hatda kapyrlardan we müşrüklerden  hem daş saklaýan däldir. Bu aýatda şeýle aýdylýar: kapyrlar we günäkär ynsanlar dünýede ylahy nygmatlardan we baýlyklardan degerlik suratda haýyrlanyp hiç bir zatdan mahrum bolan däldirler. emma jeza güni bolan kyýamatda , hudaýlykly ýaýbaň rahmat diňe salyhy we päk adamlary öz içine aljakdyr we olara degişli boljakdyr. şeksiz dünýede hakyň garşysynda durup tekepbirlik we jedel edip haky kabul etmedik ynsanlar kyýamatda agyr jezalara gabat geljekdirler.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- dünýede ylahy nygmatlardan paýly bolmaklyk , allaga imanly bolmaklyga şertli däldir, eýsem perwerdigär bütin mahlugatlaryny şol sanda ynsanlary öz ryzkyndan paýly edip goýandyr. ezijilik we baýarlyk amalda pysatçylyga baryp çadýan hak ýolundan çykmaklykga sebäp bolýandyr.

3- dünýede tekepbirlik edip ululygy toslaýan kişiler kyýamatda harlanyp uly jeza görjakdirler.

Älähkaf süresi, 21, 22 we 23-nji aýatlar :

وَاذْکُرْ أَخَا عَادٍ إِذْ أَنْذَرَ قَوْمَهُ بِالأحْقَافِ وَقَدْ خَلَتِ النُّذُرُ مِنْ بَیْنِ یَدَیْهِ وَمِنْ خَلْفِهِ أَلا تَعْبُدُوا إِلا اللَّهَ إِنِّی أَخَافُ عَلَیْکُمْ عَذَابَ یَوْمٍ عَظِیمٍ ﴿٢١﴾ قَالُوا أَجِئْتَنَا لِتَأْفِکَنَا عَنْ آلِهَتِنَا فَأْتِنَا بِمَا تَعِدُنَا إِنْ کُنْتَ مِنَ الصَّادِقِینَ ﴿٢٢﴾ قَالَ إِنَّمَا الْعِلْمُ عِنْدَ اللَّهِ وَأُبَلِّغُکُمْ مَا أُرْسِلْتُ بِهِ وَلَکِنِّی أَرَاکُمْ قَوْمًا تَجْهَلُونَ ﴿٢٣﴾

<< Ad kowumunyň dogany diýmek hezret Hudy ýatla , ol ähkaf ülkesinde öz kowumuna duýduryş berdi we ondan ozal we ondan soňra hem “alladan gayryny hudaý tutunmaň we men siz üçin howply bir güniň azabyndan gorkýaryn” diýip duýduryş berenler gelip diler.// Olar “siz bizi öz hudaýlarmyzdan öwürmek üçin bize tarap geldiňizmi? Onda egerde dogry aýdýan bolsaňyz bize şony wada berýän zadyňyzy getir” diýip aýtdylar.// Hud şeýle diýdi : azabyň haýsy zaman injekdiginiň ylmy allanyň ýanyndadyr we men diňe borçly bolan zadym barada size habar berýän, emma sizi öz nadançylygyňyzyň üstünde aýak direýän topar görýärin”>>

Bu aýatlar , hezret Hud we onuň kowumunyň ýazgydyna degişlidir. Bu aýatlarda şeýle getirilýär: Hud beileki ylahy pygamberler ýaly ilata , şirk we butparazlyk hakda we ýaramaz işleriniň netijeleri barada duýduryş berdi emma olar oýlanyp pikir edip öz erbet işlerinden we ýasama hudaýlaryndan el çekmegiň ýerine Huda ýüzlenip olara wada berlen azabyň şu dünýede başlaryna inmegini islediler . emma jeza bermek allanyň erkindedir we pygamberleriň şeýle bir azaplaryň bu dünýede ýada ahyretde inmegi hakynda hiç hili rollary ýokdur. Şol sebäpli hezret Hud olaryň jogabynda şeýle diýdi : siziň talap edýän zadyňyz meniň ygtyýarymda däldir we onuň ylmy hem allanyň ýanyndadyr. men diňe allanyň permanlaryny we buýruklaryny size  ýetirýärin. Men bir sawçydyryn we sizi hudaýparazlyga tarap çagyrýan kişidirin we sizi aýdýan zatlarymy kabul etmeklige mejbur etmeýärin we mende sizi jezalandyrmak üçin gudrat ýokdur. Siziň şeýle bir hakyň barabarynda durup jedel etmegiňiziň kokuny hem siziň nadanlygyňyzda görýärin. Bu nadanlyk haky düşünmesizligiňize we iman getirmesizligiňize sebäp bolýandyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwreýän sapaklary :

1- pygamberleriň , müşrük we pasyk kowumlaryň garşysyndaky deslapky wezipesi olary hüşgär edip howpdan alyp galmak ugrunda olara duýduryş bermekdir.

2- taryh boýundaky bütin pygamberleriň buyruklary we maksatlary bir we meňzeş bolandyr. olaryň maksady ilaty ýeke täk hudaýa çagyryp olary şyrk we kapyrçylykdan alyp galmakdyr.

3- eger ynsan kyýamata ynanyp oň geljekdigine imanly bolsa onda dünýede öz amallaryny düzeltjekdir.

4- pygamberleriň wezipesi, allanyň sargydyny ilata ýetirmeklikdir olary hudaýy ybadat etmeklige mejburlamak däldir.

5- tire taýpaň we kowumyň resimleri we ynam ygtykatlary hakda ýersiz ýere täsipkeş bolup aýak diremek, adamyň nadanlygynyň alamaty bolup ony hakykaty düşünmeklikden alyp galjakdyr.

/////////