bölüm 940, süre Älähkaf, aýat 29- 35
bölüm 940, süre Älähkaf, aýat 29- 35
راهی بسوی نور(940)
Älähkaf süresi, 29-njy aýat :
وَإِذْ صَرَفْنَا إِلَیْکَ نَفَرًا مِنَ الْجِنِّ یَسْتَمِعُونَ الْقُرْآنَ فَلَمَّا حَضَرُوهُ قَالُوا أَنْصِتُوا فَلَمَّا قُضِیَ وَلَّوْا إِلَى قَوْمِهِمْ مُنْذِرِینَ ﴿٢٩﴾
<< we onsuň gurhany eşider ýaly jynlardan bolan bir topary saňa tarap iberdik. soň onuň ýanynda häzir bolanlarynda şeýle diýdiler: dem-dyrys boluň ( we gulak salyň ) soň aýatlary diňläp bolanlarynda duýduryş berer ýaly öz kowumlarynyň ýanyna ugradylar. >>
Geçen gepleşiklerde aýdyşymyz ýaly gurhanyň geçen aýatlary jedel edip bahana gözläp iman getirmeklige taýyn bolmaýan Mekge müşrüklerine ýüzlenendir. bu aýatlar şol gürrüňiň dowamynda şeýle diýar: siz iman getirmeseňizde , olaryň barlygyna ynamly bolup öz ýaşaýyşlarňyzda olara orun berýän jynlardan bolan bir topar jyn, gurhanyň aýatlaryny diňlänleri soň pygambere iman getirip beýlekileri hem yslam şerigatyna tarap çagyrdylar. jyn ady bilen tanalýan närseleriň bardygy , gurhanda äp äşkär beýan edilen meselelerdendir. gurhanyň süreleriniň birisi hem jyn bilen adlandyrlandyr. şol sürede olaryň beýik perwerdigäre , gurhana we kyýamata ygtykatlarynyň bardygyna şeýlede olaryň arasynda hem mömin we kapyr toparlaryň bolmagyna yşarat bolandyr.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- jyn hem ynsan ýaly akyl , paýhas we teklibe eýedir olar hem öz gudratlary we akyllary boýunça saýlamak gudratyndan paýlydyrlar .
2- imany kabul etmegiň ýeke özi ýeterlik däldirde eýsem beýlekileri hem hak ýoluna tarap hidaýat etmeklik gereklidir.
Älähkaf süresi, 30 , 31 we 32-nji aýatlar :
قَالُوا یَا قَوْمَنَا إِنَّا سَمِعْنَا کِتَابًا أُنْزِلَ مِنْ بَعْدِ مُوسَى مُصَدِّقًا لِمَا بَیْنَ یَدَیْهِ یَهْدِی إِلَى الْحَقِّ وَإِلَى طَرِیقٍ مُسْتَقِیمٍ ﴿٣٠﴾ یَا قَوْمَنَا أَجِیبُوا دَاعِیَ اللَّهِ وَآمِنُوا بِهِ یَغْفِرْ لَکُمْ مِنْ ذُنُوبِکُمْ وَیُجِرْکُمْ مِنْ عَذَابٍ أَلِیمٍ ﴿٣١﴾ وَمَنْ لا یُجِبْ دَاعِیَ اللَّهِ فَلَیْسَ بِمُعْجِزٍ فِی الأرْضِ وَلَیْسَ لَهُ مِنْ دُونِهِ أَولِیَاءُ أُولَئِکَ فِی ضَلالٍ مُبِینٍ ﴿٣٢﴾
<< Aýtdylar : eý biziň kowumumyz! biz Musadan soň inip özünden öň gelen kitaplary tastyklaýan we ilaty haka we dogry ýola tarap hidaýat edýän kitabyň aýatlaryny diňledik. // eý biziň kowumumyz! Perwerdigär, siziň kä bir günälerňizi geçip elhenç azapdan gorar ýaly hudaýlykly sawçyny kabul edip oňa iman getirdik. // we her kimse ylahy sawça iman getirmese hergiz ýer ýüzünde allany dermanda edip başarmaz we perwerdigärden başga oňa hiç kimse himaýatçy bolup bilmez. şeýle bir kişiler äşkär gümralykdadyrlar. >>
Gurhan kerimyň aýatlary boýunça mömin jynlar öz kowumlaryna tarap öwrilip baranlarynda olary dogry ýola hidaýat etmek üçin şeýle diýdiler: Musany kitap bilen hemra ýollan perwerdigär indi hem ýene bir pygamberi gurhan kitaby bilen iberendir, Biz bu gün bu kitabyň aýatlaryny diňläp onuň musaň kitaby ýaly ilaty hak ýoluna tarap çagyrýandygyny biýlip galdyk. her kim ilaty alla tarap çagyrýan bu pygambere iman getirse günä we pysatdan daşlaşyp allanyň azabyndan aman galjakdyr emma her kim iman getirmese we jedel etse ol bilmelidir şeýle bir kişi allanyň yradasynyň garşysynda durup onuň gahar gazabyndan gutulyp başarjak däldir, çünki perwerdigärden başga hiç kimse ynsany onuň agyr jezasyndan gorap biljek däldir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklar :
1- jynlar hem ozalky pygamberleriň taryhyndan we olaryň asmanlyk kitaplarynyň maglumatlaryndan habarlydyrlar we olaryň bir topary mömin we bir topary hem kapyrdyrlar.
2- hak ýoly şol göni ýoldur. bu ýol ynsany , gaty gidijilikden , yza galaklykdan we gyşarnyklardan alyp galyp oňa adyl esasynda bolan ýoly görkezýändir .
3- pygamberler ilaty özlerine tarap dälde eýsem alla tarap çagyrýandyrlar. olar perwerdigäriň degerly hökümlerini beýan edýärler olar öz isleglerini ara adýan däldirler .
4- alla kapyr bolup ony inkär etmek , ynsany goşa sepjige duş edýändir şol ýagdaýda ne ynsanyň özi gaçalga tapyp başarjakdyr nede özgeler ony halas edip biljekdirler .
Älähkaf süresi, 33 we 34-nji aýatlar :
أَوَلَمْ یَرَوْا أَنَّ اللَّهَ الَّذِی خَلَقَ السَّمَاوَاتِ وَالأرْضَ وَلَمْ یَعْیَ بِخَلْقِهِنَّ بِقَادِرٍ عَلَى أَنْ یُحْیِیَ الْمَوْتَى بَلَى إِنَّهُ عَلَى کُلِّ شَیْءٍ قَدِیرٌ ﴿٣٣﴾ وَیَوْمَ یُعْرَضُ الَّذِینَ کَفَرُوا عَلَى النَّارِ أَلَیْسَ هَذَا بِالْحَقِّ قَالُوا بَلَى وَرَبِّنَا قَالَ فَذُوقُوا الْعَذَابَ بِمَا کُنْتُمْ تَکْفُرُونَ ﴿٣٤﴾
<< asmanlary we ýeri ýaradyp olaryň ýaradylmyşynda dermanda bolmadyk perwerdigäriň , ölüleri hem direldip başarjakdygyny görmediňizmi? hawa ol her bir iş üçin gudratlydyr. // we kapyrlara od hödürlenen güni, olara “bu hak dälmi?” diýlip aýdyljakdyr. Olar alladan gasam şeýledir diýip jogap berjekdirler. Soň olara: Siz kapyr bolandygyňyz sebäpli azapdan dadyň diýlip aýdylar. >>
Ähkaf süresiniň soňunda gelen bu aýatlar ýene bir gezek Maat meselesine öwrülip müşriklere garap şeýle aýdýar: zemin we asmanlary ýaradyp olary ýaratmakdan ejiz we natuwan bolmadyk perwerdigär dogrudanda ölüleri direldip başarjakdyr şeksiz şeýle bir durly we elwan reňli närselerden doly bolan şeýle bir azamatly älemiň ýaradylmagy , perwerdigäriň bütin işlere gudratlydygyny görkezýändir. indi nähili bolup şeýle bir ýaradylmyşyň älemi döretmeklige gudraty bolan hudaý , ynsanlary ýaňadan direltmekden ejiz we natuwan bolarka? Hut şunyň özi maadyň ýüze çykjakdygyna aýdyň bir delildir.
Onda hakykatda siziň kyýamat gününe iman getirmeýändigiňiziň delili hudaýyň gudraty däldir eýsem kynçylyk sizdendir. siz öz nebis islegleriňiz boýunça amal edip onuň izgelimlerinden aman galjak bolýarsyňyz . emma kyýamat gününde oduň ne çende howplydygyny göreňizde, perwerdigäriň hakdygyny boýun alyp ony ykrar etmekden başga çäräňiz ýokdur emma şol ýagdaýda edilen ykrar peýda bermez üçnki size öwrülmek mümkinçiligi ýokdur.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- allanyň gudraty çäksizdir allanyň azamatly jahany halyk etmekdäki gudraty , ynsanlary kyýamatda ýaňadan ýaratmak mümkinçiligiň bardygyna iň aýdyň delildir.
2- kyýamatda haky aýtmak üçin kapyrlaryň dili açyljakdyr olar şol heňgamda , alla tagalanyň hudaýlygyny , kyýamatyň we , jezadyr padaş düzgüniň ber hakdygyny ykrar etjekdirler emma şol mahal eden ykrarlary peýdaly boljak däldir.
Älähkaf süresi, 35-nji aýat:
فَاصْبِرْ کَمَا صَبَرَ أُولُو الْعَزْمِ مِنَ الرُّسُلِ وَلا تَسْتَعْجِلْ لَهُمْ کَأَنَّهُمْ یَوْمَ یَرَوْنَ مَا یُوعَدُونَ لَمْ یَلْبَثُوا إِلا سَاعَةً مِنْ نَهَارٍ بَلاغٌ فَهَلْ یُهْلَکُ إِلا الْقَوْمُ الْفَاسِقُونَ ﴿٣٥﴾
<< onda eý pygamber! ululazym pygamberleriň sabyrly boluşlary ýaly sen hem sabyrly bol. olara azap bermekde howlukma. olar wada berilen gününi görjekdirler welin göýä bu dünýede birje salym galmadyk ýaly bolarlar. bu hemmeler üçin bir sargytdyr. onda telek iş edýänlerden başga hiç kimse heläk bolarmy? >>
Bu aýat Ähkaf süresiniň iň soňky aýatydyr we şonda yslam pygamberine garap şeýle diýlýär: müşrükleriň ýetiýän yza-ezýetleriniň , edýän jedelleriniň we duşmançylyklarynyň garşysynda jydamly we sabyrly bol. we azabyň inmegi üçin howlukma. çünki perwerdigär kyýamat güni olary telek işleri üçin jezalandyrjakdyr. sen ylahy çakylygy ýetirmek hakdaky borçlaryňa amal et. Emma onuň netijesi seniň boýnuňa däldir olar iman getirsinler ýada kapyr bolsunlar olaryň hasap kitaby perwerdigär bilendir.
Bu aýat dünýäniň ne çende gysgadygyna yşara edýär. bu aýatda aýdylşyna görä dünýäniň ömri ahyratyň ýanynda diseň gysgadyr we adamlar göýä dünýede günüň bir sagaty ýaly togtan ýalydyrlar. şol mahalda olar uly hasrat we gama duçar bolup näme üçin hak ýoluny saýlamandyklary üçin puşman boljakdyrlar emma olaryň puşmanlyklary peýdaly berjek däldir.
Gurhany kerimiň bu aýatyň öwredýän sapaklary :
1- pygamberler, allanyň çakylygyny ýetirmeklige borçlydyrlar olar ilaty iman getirmeklige mejburlamaga ýada kapyrlary jezalandyrmaga hakly däldirler .
2- tersleşik görkezýänleriň garşysynda jydamly bolup giň gursakly bolmak ylahy uly pygamberleriň häsiýetlerindendir olara eýerýän ynsanlar hem şeýle bolmalydyrlar.
3- ylahy sünnetleriň biriside , dünýede kapyrlara we günäkärlere mühletiň berilmegidir.
4- dünýäniň ömri ahyretiň ýanynda diýseň gysgadyr we bir günüň bir sagaty ýalydyr.
///////////
Ähkaf süresiniň soňy