bölüm 1015, süre Juma, aýat 1-5
bölüm 1015, süre Säff , aýat 1-5
برنامه تفسیر نور (جمعه1)
Juma süresi
Geçen gepleşikde gurhan kerimiň mübärek süresi hakda taýýarlanan gürrüňleriň gutarmagy bilen bu gepleşikde gurhan kerimiň mübärek jumga süresi hakda taýýarlanan gürrüň bilen gollugyňyzda bolmakçy . bu süre medinede 11 aýatdan hem paýlydyr onuň mazmunlary hem hezret resuly äkrem (s)-ň pygamberlige bellenmeginden yzarlanýan maksatlar , ölüme taýýarlyk görmek we müminleri jumga namazyna gpşulmak üçin şowhlandyrmak ugurlardadyr.
Juma süresi, 1-nji aýat:
یُسَبِّحُ لِلَّهِ مَا فِی السَّمَاوَاتِ وَمَا فِی الأرْضِ الْمَلِکِ الْقُدُّوسِ الْعَزِیزِ الْحَکِیمِ ﴿١﴾
<<asmanlarda we ýer ýüzünde bolan zatlar allaga hämdi senalar aýtýarlar älemiň sultany bolan perwerdigär her hili kem köslikden arassa bolupda ýeňilmez we hekimdir.>>
Bu sürede hem geçen süre ýaly perwerdigärä hämyt we senalar aýtmak bilen başlanyp älem jahanda bar bolan bütin närseleriň allaga tesbih aýtýandyklaryny beýan edýär . gurhan medeniýetinde hem älem jahanda bar bolan bütin närseler bu hili düşnükden paýly bolup hemä öz ýaradanlaryny tanaýandyrlar hemde bir hili perwerdigäre tesbih we hämyt we senä hem aýtýandyrlar. Elbet biz ynsanlar bu meseläni düşünmekden ejizdiris gurhan kerimiň mübärek esra süresiniň 44-nji aýatynda hem şu ugurda şeýile gelýär : siz närseleriň hämyt we senalary aýtýandyklaryna düşünýän däldirsiňiz.
Aýatyň dowamynda perwerdigär diňä ýaradylmyş älemiň dňrüdijisidir dilipnygtalýar . emma bu mesele , adam oglunyň umuman zülüm we adalatsyzlyk bilen hemra bolan hökümeti ýaly däldirde eýsem onuň hökümrowanlygy bütin ýetneçilikden we kem köslikden päk we arassadyr sebäbi ol eziz we hekimdir we ylymdyr hikmet esasynda hem amal edýändir.
Bu aýatyň öwredýän sapaklary:
1- älem jahanda bar bolan bütin närseler , ýerde we asmanda äşkär we penhanlykda , ösümlikler , haýwanlar we jansyz närseler , hemmesi alla tagalany ybadat etmek bilen meşguldyrlar.
2- älem jahany dolandyrmaklyk perwerdigäriň gutarnyksyz ylym we hikmetiniň esasy boýunçadyr we hiç bir kimse onuň yradasynyň garşysynda durup başarjak däldir sebäbi onuň höküm rowanlygy gudrat we hikmet bilen hemra bolupda ol başarjaň we ýeňilmez göýiçdir.
Juma süresi, 2, 3 we 4-nji aýatlar:
هُوَ الَّذِی بَعَثَ فِی الأمِّیِّینَ رَسُولا مِنْهُمْ یَتْلُو عَلَیْهِمْ آیَاتِهِ وَیُزَکِّیهِمْ وَیُعَلِّمُهُمُ الْکِتَابَ وَالْحِکْمَةَ وَإِنْ کَانُوا مِنْ قَبْلُ لَفِی ضَلالٍ مُبِینٍ ﴿٢﴾ وَآخَرِینَ مِنْهُمْ لَمَّا یَلْحَقُوا بِهِمْ وَهُوَ الْعَزِیزُ الْحَکِیمُ ﴿٣﴾ ذَلِکَ فَضْلُ اللَّهِ یُؤْتِیهِ مَنْ یَشَاءُ وَاللَّهُ ذُو الْفَضْلِ الْعَظِیمِ ﴿٤﴾
<< ylahy aýatlary okapda olary hapalyklardan päkläp kitap we hikmet öwgretmek üçin sawadsyz ilatyň arasynda özlerinden birini pygamberçilige bellän oldur mundan ozal äşgär gumralykda bolan bolsalarda// şeýlede ony , häzir olara birikmedik we geljeklerde dünýä injekler üçin pygamberlige belledi . we ol ýeňilmez we hekimdir// bu pygamberlik , ylahy pazylat we lotufdyr we her kimsäni ylaýyk görüp islese oňa berjekdir . we perwerdigär uly pazylatyň eýesidir.>>
Bu aýatlar , hezret resül äkrem (s)ň pygamberlige bellenmeginiň maksatlaryna yşara edip şeýile permaýyş edýär , sawad we ylym nygmatyndan paýsyz bolan arap kowmyň arasynda birini öz aralaryndan pygamberlige belledi şol mahallda olar nadanlykdan we hurapaçylykdan göz baş alýan tum garaňkylykda ýaşaýardylar. Bu pygamberiň hem borjy şol kowmy dogry ýola gönükdirmek we olary gurhan aýatlary esasynda , ahlagy ýaramazlyklardan arassalapda olaryň gylyklaryny ýagşylyklara tarap ögürmekdi soň bolsa allanyň kitabyny we hikmet ýüzünden bolan sözleri olara ögrediş beripde bu kowmy ösdirmekdi. Elbet onuň pygamberligi digä garyp adasyna we mekke ilatyna has däldi eýsem soňralarda oňa iman getirjekler hem bu pygamberiň terbiýe ögredişlerinden haýyrlanjakdyrlar we bu gidiş kýamata çenli hem dowamly boljakdyr.
Taryh boýunda bellenen pygamberleriň hemmesi hasda olaryň hatymy we soňkysy bolan hezret muhammet(s)ň pygamberçilige bellenmegi , alla tagalanyň adam oglyna , ýalňyş ynamlardan we akydalardan özlerini gutuldyrmak üçin ata eden uly lutfy we pazylatydyr.
Bu aýatlaryň bize öwredýän sapaklary :
1- pygamberleriň bellenmekleri adam oglynyň köpçiliginiň hereketi we ösüşi üçin sebäpkärdir.
2- nadanlyk we gyşarnyga duş bolmak taýdan ujda bolan ilatyň arasynda bir kişini pygamberlige belli etmegiň özi ylahy müjizedi.
3- özüňi ýasamak we durkyňy hapalyklardan arassalamak gurhan aýatlary we hezret resul äkrem (s)ň sünnetiniň esasynda bolmalydyr , ýasama erfanlar we adam ogly arkaly dörän mektepler üstünli bolmaly däldir .
4- hezret resul äkrem (s) ň pygamberligi arap nežadyna ýada ol hezret bilen asyrdaş bolan ynsanlara çäklenip durýan däldir eýsem onuň pygamberligi her bir kowum , nežad we yklymdan bolan bütin ynsanlara hasdyr we haktalap ynsanlary sagadat we bagtýarlyga ýetirip başarjakdyr.
Juma süresi, 5-nji aýat:
مَثَلُ الَّذِینَ حُمِّلُوا التَّوْرَاةَ ثُمَّ لَمْ یَحْمِلُوهَا کَمَثَلِ الْحِمَارِ یَحْمِلُ أَسْفَارًا بِئْسَ مَثَلُ الْقَوْمِ الَّذِینَ کَذَّبُوا بِآیَاتِ اللَّهِ وَاللَّهُ لا یَهْدِی الْقَوْمَ الظَّالِمِینَ ﴿٥﴾
<< turat olaryň gerşine ýüklenipde emma oňa amal etmekden saklanýan kişiler guýa kitaplary özleri bilen götüripde ondan hiç bir zady düşünmeýän eşekler ýalydyrlar . allanyň aýatlaryny inkär edýän ilaryň başdan geçmeleri ne gadar elhençdir we perwerdigär zalym we sütemçi ilaty hidaýat edýän däldir.>>
Geçen aýatlarda , hezret resül äkrem (s)ň mekke ilatynyň arasynda pygamberlige bellenmeginden gürrüň boldy indi bu aýatlar musulmanlara hüşgärlik berýär we turat olara nazyl bolup emma oňa amal etmekligi özlerine paryz bilmedik jöhid kowmy ýaly bolmaň diýip duýduryş berýär . bu kowum diňä turatyň ýüzleý keşfyny gorapda olaryň käleri hem bu kitabyň ögredişleriniň tersine amal edip onuň aýatlaryny ýalňyş bilip tekzyp etdiler . kitaby ýükleýän haýwan diňä onuň agyrlygyna jydaýay emma onuň manalaryndan hiç bir paýy almaýar şeýilede durly myrasymlarda gurhany eline alýan musulmanlar hem diňä onuň agyrlygyny göterýändirler şeýile bir kişiler gurhanyň ögredişlerinden we ylahy hidaýatdan ýaşaýyşlarynda hiç bir peýdany gazanyp başarýan däldirler.
Bu aýatyň öwredýän sapaklary :
1- gurhan gapyl ynsanlary we amalsyz alymlary haýwanlara meňzedendir sebäbi olar , wähýiň nuryndan we akyl çyrasyndan dogry suratda haýyrlanýan däldirler.
2- gurhan okyp talawat etmeklik peýdaly bolar ýaly amal tabgyryna ýetmelidir ýogsa ynsan ylahy gahar gazaba duş boljakdyr.
3- asmanlyk kitabyň taglymatlaryna amal etmesizlik bir hili ony amal ýüzünde ýalanlamakdyr we bu mesele ynsanyň ylahy hidaýatdan mahrum bolmagyna sebäp boljakdyr.
//////////////