bölüm 1018, süre Munafygun , aýat 7-11
bölüm 1018, süre Munafygun , aýat 7-11
برنامه تفسیر نور (منافقون2)
Munafygun süresi, 7 we 8-nji aýatlar :
هُمُ الَّذِینَ یَقُولُونَ لا تُنْفِقُوا عَلَى مَنْ عِنْدَ رَسُولِ اللَّهِ حَتَّى یَنْفَضُّوا وَلِلَّهِ خَزَائِنُ السَّمَاوَاتِ وَالأرْضِ وَلَکِنَّ الْمُنَافِقِینَ لا یَفْقَهُونَ ﴿٧﴾ یَقُولُونَ لَئِنْ رَجَعْنَا إِلَى الْمَدِینَةِ لَیُخْرِجَنَّ الأعَزُّ مِنْهَا الأذَلَّ وَلِلَّهِ الْعِزَّةُ وَلِرَسُولِهِ وَلِلْمُؤْمِنِینَ وَلَکِنَّ الْمُنَافِقِینَ لا یَعْلَمُونَ ﴿٨﴾
<< olar şol kişilerdirler welin "hudaý resulunyň ýanynda we töereginde bolanlara ynfak etmäň , hezreti resulyň ýanyndan pytraň" diýip aýdýardylar. asmanlardaky we ýerdäki hazynalar hudaýa degişlidir welin munafyklar ony bilýän däldirler.// munafyklar aýtýarlar : egerde Medinä öwrülsek şeksiz iň eziz adamlar ilatyň iň har bolanyny , şol mekandan gowup çykarjakdyr hezzet-hormat hudaýa we onuň pygamberine we möminlere has bolan wagtynda , emma munafyklar ony bilýän däldirler.>>
Geçen gepleşikde munafyklaryň sözlerindäki we çykyşlaryndaky kä bir ýöriteliklerine yşarat boldy . bu aýatlar olara has bolan ýene kä bir ýöriteliklere yşarat edip şeýle permäýyş edýär : munafyklar hema özleri hezret resul ääkrem(s)ň maksatlary ugrunda hereket etmekden saklanýarlar hemde durly bahanalar sebäpli beilekileri hem hezret pygamber äkrem (s)ň ýaranlaryna goldaw ýetirmekden alyp galmakçy bolýarlar şeýdip hem ol hezretiň ýaranlaryny , daşyndan çaşyrjak bolýarlar : mekkeden medinä hijret eden musulmanlar , ýaşaýyş jaýy , egneşik we imit taýdan uly kynçylykda bolupdyrlar şol sebäpli medinedäki musulmanlar her ýoldan hem bolsa olara meded ýetirýänmyşlar , emma medinedäki munafyklar özlerini göçemenlerden üstem saýyp medine musulmanlaryna ýüzlenmek bilen olara kömek ýetirmäň şeitseňiz olar öz şähirlerine we ölkelerine ögrülip giderler diýip aýtýardylar . munafykalaryň gumanlary boýunça baýlyga eýe bolmak hezzet we güýç- gudratyň nyşany we ýoksyllyk hem zillet we harlygyň nyşanydy. Emma hakykatda mal mal , mülük we baýlyk , allanyň kä ilatyň erkinde goýan amanatydyr we şu ýoldan olaryň mätäçlere nähili ýetişiklik edýändiklerini saýgarjak bolýandyr. Hakykatda ynsanlaryň hakyky hezzeti we zilleti , olaryň allaga bolan imanlaryna we perwerdigäriň buýruklaryna amal etmeklerine baglydyr olaryň ýoksyllyk ýada baranda bolmaklaryna bagly däldir.
Bu aýatlaryň öwredýän sapkalary :
1- mady kynçylyklar we yktysady basyşlar , musulmanlaryň , dini başlygyň töwüreginden çaşmaklaryna sebäp bo,aly däldir bu mesele daşardaky duşmanlaryň we içerdäki munafyklaryň isleýän zadydyr.
2- hemme zady , gudrat , baýlyk we mady mümkinçilikler esasynda düşnip ýürän kişiler , ýokary we gymmatly hakykatlary düşünmekden ejizdirler .
3- her kimse özüni eziz saýyp özgeleri har we zelil bilse hakykatda nefak we iki ýüzli bolmak häsiýet onuň durkyna ornandyr we täsir galdyrandyr.
4- eger möminler öz imanlarynda berk bolsalar olaryň hezzet we baş ýokarlygy alla tarapyndan kepil geçilendir.
Munafygun süresi, 9, 10 we 11-nji aýatlary :
یَا أَیُّهَا الَّذِینَ آمَنُوا لا تُلْهِکُمْ أَمْوَالُکُمْ وَلا أَوْلادُکُمْ عَنْ ذِکْرِ اللَّهِ وَمَنْ یَفْعَلْ ذَلِکَ فَأُولَئِکَ هُمُ الْخَاسِرُونَ ﴿٩﴾ وَأَنْفِقُوا مِنْ مَا رَزَقْنَاکُمْ مِنْ قَبْلِ أَنْ یَأْتِیَ أَحَدَکُمُ الْمَوْتُ فَیَقُولَ رَبِّ لَوْلا أَخَّرْتَنِی إِلَى أَجَلٍ قَرِیبٍ فَأَصَّدَّقَ وَأَکُنْ مِنَ الصَّالِحِینَ ﴿١٠﴾ وَلَنْ یُؤَخِّرَ اللَّهُ نَفْسًا إِذَا جَاءَ أَجَلُهَا وَاللَّهُ خَبِیرٌ بِمَا تَعْمَلُونَ ﴿١١﴾
<< eý iman getiren adamlar! baýlyklaryňyz we perzendleriňiz sizi allanyň ýadundan gapyl etmeli däldir we şeýle işe baş goşsalar olar şol zýankärlerdendirle.// We siziň ryzkyňyz karar beren zatlarymyzdan biriňiziň ölümi gelip ýetmäkä enfak ediň onda gidip barýan mahaly şeýle diýer : eý perwerdigär näme üçin sadaka zekat berip laýyk kişileriň sanyndan bolar ýaly meniň ölümimi bir az gijä goýmaýarsyň ?// we perwerdigär , ajaly ýeten kişiň ölümini hergiz soňra goýan däldir we perwerdigär siziň ýerine ýetirýän işleriňizden ägä we habarlydyr.>>
Bu aýatlar, adamlaryň durkunda bar bolan nefagyň köklerine yşarat edip şeýle permaýyş edýär : Ýan ýoldaş we perzentlere ýürek baglamak bir tarapdan şeýlede maldyr baýlyklara bakna bolmak ýene bir tarapdan egerde hetden aşsa allanyň ýadyndan gapyl bolmaklyga we onuň buýruklaryny onutmaklyga sebäp boljakdyr. Şeýle bolan ýagdaýynda ol ýüzleý suratda mömin görünýän bolsada, içden köfürdir şirke giriftar bolandyr. Şol sebapli alla tagala şu meseleler hakda möminlere duýduryş beripde olaryň dünýäň gözelleiklerine aldanmakdan saklanmaklary tabşyrýar. her kimse hek ýolundan gyşarnyga duş bolsa ol dünýe we ahyratda pyşman boljakdyr şol sebäpli hiç bir kimse we hiç bir zat ynsany , hudaý we onuň pygamberiniň buýruklaryny ýerine ýetirmekdne alyp galmaly däldir hatta egerde olar , ynsanyň başdaş ýada perzentleri bolsada. Onda şeýle bir şeýtanlyk duzaklardan aman galmagyň ýoly nämedir ? allatagala halas bolmak ýoluny ynsanlaryň diri bolan wagytlarynda öz baýlyklaryndan enfak edip sadaka bermekleridir diýip permaýyş edýär : Ynsan ýaşaýşynyň boýunda , sadaka berip enfak etse ol ölüme duş bolan wagty hasratda bolup öz ölümüniň soňra goýulmagyny talap etjek däldir.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary :
1- mömin ynsan , allany hemme zatdan ýokary we üstüm bilýär we gerekli bolan ýerinde perwerdigäriň ugrunda hata mal mülkinden we başdaşydyr perzendinden hem geçmeklige taýyn bolýar.
2- ynsanyň ýaşaýşyndaky iň uly zýan onuň allanyň ýadyndan gapyl bolmagydyr bu mesele bütin zýanlaryň hem göz başydyr.
3- munafyklar , möminleri beilekileri kömek ýetirmekden alyp galjak bolýan bolsalar , perwerdigär möminlere enfak edip sadaka bermeklerini tabşyrýar . şeýdip hem möminleriň ýüreginden nefagyň esasy göz başy bolan dünýe parazlyk ruhyýany ýok etmekçi bolýar.