Jan 05, 2018 20:03 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla hatami: Eýranda ýüze çykan gozgalaňlyklar Amerika we onuň ýaranlarynyň duşmançylyklarynyň bir görnişidir

Tehraniň juma namazynyň hatyby soňky günlerde Eýranda ýüze çykan gozgalaňlyklar Amerika we onuň ýaranlarynyň duşmançylyklarynyň bir görnişidir diýdi.

geçen günlerde Eýranyň birnäçe şäherinde ilat ýöriş edip maliýe merkezlerde pullary ýananlaryň haklarynyň tölenmegini islemek bilen bir wagtda bahaçylyga we döwletiň göegçilik işlerde goýberýän kemçiliklerine nägilediklerini yglan etdiler we bu ýörişler gozgalaňçylaryň we pursatyň yzynda gezip ýöränleriň başbozarlyk etmekleri netijesinde jenjele çekildi.

Amerika we Sionist režimi hemde Arabystanyň resmileri we keseki media serişdeleri Eýranda ýüze çykan hereketlerden jenjel we gozgalaň turuzmak ugurda haýyrlanjak bolup tagalla etdiler emma Eýran milleti geçen çarşenbe günden dürli şäherlerde ýöriş edip duşmanlaryň we gozgalaňçylaryň mekirli hilelerini ýigrenýändiklerini yglan etdiler.

Aýatolla Seýe Ahmad hatami tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Amerika we onuň ýaranlary sebitde şol sanda Siriýadaky we Yrakdaky şowsuzlyklaryndan soňra Eýrana urgy urmak üçin bir pursatyň yzynda boldylar diýip nygtady.

Tags