Rewolýusiýanyň ýokary derejeli lideri: Amerikanyň basyşyna garşy çykmagyň ýeke-täk ýoly garşy durmakdyr
(last modified Sat, 11 Jun 2022 17:03:28 GMT )
Jun 11, 2022 22:03 Asia/Ashgabat
  • Rewolýusiýanyň ýokary derejeli lideri: Amerikanyň basyşyna garşy çykmagyň ýeke-täk ýoly garşy durmakdyr

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleri, Eýranyň we Wenesuelanyň üstünlikli tejribesi Amerikanyň basyşyna garşy ýeňiş gazanmagyň ýeke-täk ýolunyň garşy durmakdygyny görkezdi diýdiler.

Mertebesi belent Lideriň edarasynyň maglumat bazasyna görä, Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri şu gün agşam (şenbe) Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro we wekiliýeti bilen duşuşanda Eýranyň we Wenesuelanyň ABŞ-nyň güýçli basyşlarynyň garşysynda durmaklaryna yşarat edip iki ýurduň üstünlikli tejribesi bu basyşlara garşy durmagyň ýeke-täk ýolunyň garşy durmakdygyny görkezdi diýip beýan etdiler.

Aýatolla Hameneýi, soňky ýyllarda Eýran Yslam Respublikasynyň ylmy we tehnologiki ösüşi we başlangyçlary barada durup geçdi we şeýle diýdiler: Bu uly ädimler, Amerikaly ganhorlaryň özleri muny "iň ýokary basyş" diýip atlandyrýan wagty we Eýran halkyna iň agyr we görlüp-eşidilmedik sanksiýalaryň we basyşlaryň girizilen ýagdaýynda ädildi diýip aýtdylar.

Hezretleri şeýle-de Eýran halkynyň garşylygynyň, iň ýokary basyş syýasatynyň şowsuz bolmagyna sebäp bolandyr we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň esasy syýasy işgärlerinden biri bir näçe wagt mundan ozal "masgaraçylykly ýeňliş" adalgasyny ulanandyr diýip nygtadylar.

Eýran bilen Wenesuelanyň arasynda 20 ýyllyk hyzmatdaşlyk resminamasynyň gol çekilmegini garşy alan Aýatolla Hameneýi Hezretleri: Uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk şertnamalaryň ýerine ýetirilmegini bu ylallaşyklaryň yzarlanmagy diýip aýtdylar.

Hezretleri Eýran bilen Wenesuelanyň arasyndaky yhlasly hyzmatdaşlyga ünsi çekip: Iki ýurduň hiç bir ýurt bilen beýle ýakyn gatnaşygy ýok we Eýran Yslam Respublikasy howp abananda töwekgelçilik edýändigini we dostlarynyň elinden tutýandygyny görkezdi diýip açyklap aýtdylar.

Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Wenesuelanyň prezidentiniň sionistlere garşy pozisiýasyny öwdi we şeýle diýdiler: Siziň sionist režime garşy alyp barýan soňky pozisiýaňiz gaty dogry we batyrgaýdyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi hem gatnaşan bu ýygnaga,

Wenesuelanyň prezidenti Wenesuelanyň halkynyň ABŞ bilen alyp barýan berk söweşinde Eýranyň berýän goldawyna ýokary baha berdi we şeýle diýdi: Wenesuelanyň ýagdaýy gaty kyn we hiç bir ýurt kömek etmeýän mahaly bize kömek etdiňiz we bu ýagdaýdan çykmaga kömek etdiňiz.

Şeýle hem Maduro, ýurdunyň Palestina meselesini mukaddes adamzat meselesi hasaplaýandygyny aýtmak bilen bu ynanç sebäpli Sionist režim Mossadyň üsti bilen Wenesuela garşy dildüwşük gurmagy dowam etdirýär diýdi.

Tags