Jul 06, 2022 10:46 Asia/Ashgabat
  • Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Eýran Özbegistanda bolup geçen soňky wakalara we tolgunyşyklary göz astyna alýar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran Yslam Respublikasy Özbegistan Respublikasynyň bir böleginde bolup geçen soňky wakalara we bidüzgünçiliklery dykgat bilen yzarlaýar diiýp yglan etdi.

Soňky günlerde Özbegistanyň demirgazyk-günbataryndaky Nukus şäherinde ýerleşýän Garaqalpagystan awtonom sebiti, ýurduň başkanunyň taslamasyna garşy halkyň nägileligine şaýat boldy.

Özbegistanyň howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşyklara sebäp bolan köpçülikleýin demonstrasiýalarda şu wagta çenli 18 adam ölüp, 243 adam ýaralandy.

 Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Chafi" sişenbe güni Özbegistanda bolup geçen soňky wakalar barada Bu wakalar Özbegistan Respublikasynyň içerki meselesi we dostlukly we doganlyk Özbegistan döwletiniň hökümeti ýakyn wagtda bu meseläni şol ýurduň halkynyň bähbidi üçin çözer diýip yglan etdi.

Tags