Kanani Çafi: Nýu-Yorkorkda sanksiýalary ýatyrmak gepleşikleriň geçirilmeginiň mümkindigini yglan etdi
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Nýu-Yorkorkda sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleriň geçirilmeginiň mümkindigini yglan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" duşenbe güni žurnalistler bilen hepdelik duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Nýu-Yorkorka Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin eden saparyna we sanksiýalary ýatyrmak üçin gepleşikleriň geçirilmeginiň mümkindigine yşarat edip Eýran Yslam Respublikasy, ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp, ikitaraplaýyn we halkara gyzyklanma bildirýän meseleler boýunça öz garaýyşlaryny beýan edýär diýdi.
Kanani Çafi şeýle-de, soňky döwürde Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistanyň serhedinde bolup geçen çaknyşyklar barada gürrüň gozgap gynansak-da iki tarapdan birnäçe adamyň ölümine we ýaralanmagyna sebäp bolan bu çaknyşyk barada Eýran Yslam Respublikasy, goňşuçylyk syýasatlaryna we sebitdäki krizisleri gysga wagtda çözmäge konstruktiw kömek bermäge synanyşýan ýörelge syýasatyna esaslanyp, çäre gördi we syýasy tagallalary etdi diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat diplomatiýa merkeziniň başlygy Täjigistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky konflikt barada şeýle diýdi: Eýranyň goňşuçylyk syýasatynda Täjigistan we Gyrgyzystan aýratyn ähmiýete eýedir we Eýran Yslam Respublikasy, goňşuçylyk we sebit syýasaty we iki ýurt bilen gowy gatnaşyklara esaslanyp, dartgynlygy azaltmaga we parahatçylygy döretmäge we iki tarap zerurlyklaryny mälim etse, ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegine goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Palestina Yslam çydam Hereketi (Hamas) bilen Siriýanyň hökümetiniň arasyndaky gatnaşyklaryň täzeden başlamagy we bu meselede Eýran bilen Liwanyň Hizbullahynyň roly barada gürrüň gozgap soňky ýyllarda bolup geçen wakalar, Siriýa ýaly ähli sebitdäki taraplaryň parahatçylygyna, durnuklylygyna we howpsuzlygyna we Parahatçylygy we durnuklylygy saklamak üçin ýakynlaşmagyň zerurdygyna ynanýan sebitdäki ähli taraplar üçin esasy howpyň sionist režimdigini görkezdi diýdi.