Feb 18, 2023 18:45 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidenti: Sanksiýalar Eýran halkyny togtadyp bilmedi

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Duşmanlar Eýran halkyny sanksiýalar bilen togtatmak islediler, emma Eýran halky we ýaşlar durgunlykdan ejir çekmediler diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, Hytaýyň CGTN kanalyna beren interwýusynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we beýleki Günbatar ýurtlarynyň Eýrana garşy girizen sanksiýalary barada “Aslynda bu bir söweş, ýöne gurallary üýtgedildi. Düýn harby guraldi, şu gün sanksiýalaryň guraly we bu sanksiýalary gaty rehimsiz ýerine ýetirýärler diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sözüniň dowamynda "Eýran halkynyň duşmanlary hatda hassalar üçin zerur bolan dermanlary-da gadagan etdiler, hatda epilepsiýa näsaglary üçin zerur bolan dermanlary gadagan etdiler diýdi.

Sanksiýalaryň halka basyş etmegiň netijesidigini dünýäniň ähli halky gowy bilýär; Çykyşlarynda sanksiýalaryň Eýranyň hökümetine basyş etmek üçin niýetlenendigini, ýöne bu sanksiýalaryň netijesiniň adamlaryň durmuşynda bolandygyny mälim etdiler Raisi sözüne goşdy.

Tags