Kazemi Gomi: Owgan krizisini Birleşen Milletler Guramasynyň goldawy bilen çözüp bolar
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan meseleleri boýunça ýörite wekili Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen bolan duşuşygynda owgan krizisiniň diňe sebit arkaly we Birleşen Milletler Guramasynyň goldawy bilen çözülip bilinjekdigini aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Doha duşuşygynyň çäginde we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Entoni Guterreş bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan meseleleri boýunça ýörite wekili duşuşygynda bu halkara guramanyň owgan krizisini çözmekde we bu guramanyň kararlarynda we meýilnamalarynda garaşsyzlygyny saklamakda döredijilikli roluna ünsi çekdi.
Guterreş hem, Eýranyň Eýranda ýaşaýan owgan immigrantlary babatdaky sahy tagallalaryna ýokary baha berdi.
Owganystan baradaky iki günlük Doha ýygnagy işini düýn (sişenbe) Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we 21 ýurduň we 2 halkara guramanyň ýörite wekilleriniň gatnaşmagynda tamamlady.
Doha ýygnagynyň ahyrynda geçirilen metbugat ýygnagynda Guterreş bu duşuşyga gatnaşyjylaryň hemmesi Owganystanyň durnuklylygy üçin interaktiw strategiýanyň zerurdygy bilen ylalaşdylar diýip yglan etdi.