Goranmak ministri: Eýran Yslam Respublikasynyň ýurtlary harby enjamlar bilen üpjün etmekde hiç hili çäklendirmesi ýok
(last modified Sun, 28 May 2023 08:39:03 GMT )
May 28, 2023 13:39 Asia/Ashgabat
  • Goranmak ministri: Eýran Yslam Respublikasynyň ýurtlary harby enjamlar bilen üpjün etmekde hiç hili çäklendirmesi ýok

Eýranyň Goranmak ministri Eýran Yslam Respublikasynyň beýleki ýurtlary harby enjamlar bilen üpjün etmekde hiç hili çäklendirmesi ýok we halkara parahatçylygyň bähbitlerine we howpsuzlygyna laýyk hereket edýän islendik ýurda kömek edýär diýip yglan etdi.

Eýranyň ýaragly güýçleriniň Goranmak we goldaw ministri Muhammet Reza Karaei Aştiani, Tasnim habar gullugyna beren interwýusynda Eýranyň Wenesuela bilen harby we goranyş hyzmatdaşlygy we bu ýurda Eýran enjamlaryny eksport etmegiň mümkinçiligi barada beren gürrüňlerinde Eýran Yslam Respublikasy ähli ýurtlar bilen aragatnaşyk saklaýar we halkara parahatçylygyň bähbitlerine we howpsuzlygyna ygrarly we global umumy howpsuzlyk barada pikir edýän islendik ýurda kömek edýär diýip nygtady.

 

Tags