Aug 02, 2023 18:13 Asia/Ashgabat
  • Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi: Eýran duşmanlaryň howplaryna ökündiriji jogap berýär

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi Eýranyň ýaragly güýçleri duşmanlaryň ähli howplaryna we erbetliklerine ökündiriji jogap berýär diýdi.

Habar gullugynyň habaryna görä, Yslam Rewolýusiýasy Gorag Korpusynyň baş serkerdesi general-maýor Huseýin Salami "Pars Aýalkygynyň kuwwatlylygy" adyndaky türgenleşikde "Eýranyň ýaragly güýçleri serhet howpsuzlygy we garaşsyzlygy goramak we Yslam Rewolýusiýasynyň ajaýyp üstünlikleri üçin janyndan geçýär" -diýdi.

Serdar Salami, yhlasly söweşijileriň we Yslam Eýranyň kenaryndaky batyr we daýow  serhetçileriň Pars aýlagynyň kuwwatlylygy adyndaky türgenleşige gatnaşmagy babatly minnetdarlyk bildirmek bilen Goranmak henizem bardyr we islendik ýagdaýa goranyşa taýynlygy Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary Lideriniň logikasydyr diýip nygtady.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi: Sebitdäki musulman halklary we hökümetleri doganlyk atmosferada tutuş sebitiň howpsuzlygyny üpjün etmäge ukyply we başga bir tarapa mätäçlik ýokdyr diýip yglan etdi.

Tags