Mar 24, 2018 17:17 Asia/Ashgabat
  • Gasemi: dünýäde terrorizmi wagyz edýän asly ýurt arabystandyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Arabystanyň daşary işler ministrniň Amerikanyň Brookings institutynda aýdan puç gürrüňleriniň jogabynda sebitde we dünýäde terrorizmi we ekstremizmi wagyz edýän asly ýurt arabystandyr diýdi.

geçen penşenbe güni Adel Al-Jobair Brookings institutynda eden çykyşynda Eýrany terrorizme goldaw bermekde aýyplap sebitiň uly kynçylygy Eýrandyr diýip toslady.

Bahram Gasemi Adel Al-Jobairiň ýaňky gürrüňlerini ýalan hasaplap Arabystanyň resmileri içerki kynçylyklarynyň üstüni basyrmak niýeti bilen wagtal -wagtal Eýrana garşy puç toslamalaryny gaýtalaýandyrlar diýip nygtady.

Gasemi şeýle-de Arabystan 3 ýyl bäri ýemene garşy agyr jenaýatlaryny dowam etdirip durandyr diýip sözüne goşdy.

Tags