Apr 28, 2024 11:57 Asia/Ashgabat
  • Mohber: Yslam respublikasynyň güýji ylmy we tehnologiki ösüşler bilen baglanyşykly

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Yslam respublikasynyň güýjüni ylym we tehnologiýa pudagyndaky ösüşiň netijesi hasaplady we şeýle diýdi: “Eýran gazanan üstünliklerini we ösüşlerini beýleki ýurtlar bilen paýlaşmaga taýyn.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Muhammet Mohbar şenbe güni Tähranda Eýran bilen Afrikanyň arasynda geçirilen ikinji halkara duşuşygyň çäginde Burkina Fasonyň premýer-ministri Kilim de Tambla bilen duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Afrika ýurtlary bilen gatnaşyklaryň ösmegine aýratyn garaýşyny beýan edip Tähran Afrika ýurtlary, esasanam Burkina Faso bilen gatnaşyklaryny giňeltmek isleýär diýip yglan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň birinji orunbasary 2023-nji ýylda Tähranda Burkina Faso ilçihanasynyň açylmagyndan we iki ýurduň ilçileriniň döredilmeginden hoşaldygyny aýtdy we öz aralarynda gatnaşyklary gowulandyrmak üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Kilim de Tambala bu duşuşykda Eýran-Afrika halkara sammitiniň Tähranda üstünlikli geçirilendigi üçin minnetdarlygyny bildirdi we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň gowy taryhynyň bardygyny we Burkina Faso Eýranyň mümkinçiliklerini we tejribelerini dürli ugurlarda ulanyp biljekdigini aýtdy.