May 09, 2024 21:05 Asia/Ashgabat
  • BMG Gaza Ynsanperwer Kömegini Eltip Bilmeýändiklerini Beýan Etdi

Bu barasynda BMG-niň Metbugat sekretary Stepan Dužarrij beýannama berdi.

 

BMG-niň Metbugat sekretary Stepan Dužarrij Rafah we Kerem Abu Salim gümrük geçelgelerinin ýapylmagyndan soň Gaza ynsanperwer kömeginiň eltip bilmeýändiklerini aýtdy.

BMG-niň ýerlerdäki Ynsanperwer işleri utgaşdyryş ofisiniň resmilerinden alan maglumatlary beýan eden Dužarrij Rafahda Ysraýylyň goşunynyň “ewakuasiýa edilmegi hakyndaky görkezmeden” soň 10 müňlerçe adamyň mejbury ýagdaýda ýerinden jyda düşendigini nygtady.

Şol adamlaryň soňky 7 aýda birnäçe gezek ýerinden jyda düşendigine ünsi çeken Dužarrij; “Gazadaky ilatyň esasy zerurlyklarynyň gidirilmegi hökmany” diýdi.

Rafah we Kerem Abu Salim gümrük geçelgeleriniň ýapylandygyny ýatladan Dužarrij; “Ol ynsanperwer kömeginiň eltip bilmeýändigimizi aňladýar. 3 müňden gowrak açlykdan ejir çekýän çagalara ýetirilmeli azyk önümlerine hem elýeterliligimiz ýok. Ýangyjam ýok” diýdi.

Dužarrij BMG-niň Zenanlar düzüminiň soňky sowalnamasyna görä “Gazada 700 müň aýal-gyzyň bardygyny”, hiç haýsysynyň gidere ýeriniň ýokdugyny beýan etdi.

“Aýal-gyzlaryň 93 göteriminiň özlerini öýlerinde we gaçybatalgalarda howpsuz duýmaýandygyny” aýdan Dužarrij, zenanlaryň 80 göteriminiň depresiýadadygyny nygtady.

Gazadaky çagalaryň 7 aýdan bäri howpsuz mekdeplerden mahrum edilendigi, Ysraýylyň hüjümleriniň bolsa ýene-de 625 müň çagany sowatsyz goýjakdygyny, onuň çagalaryň ählisiniň mekdebi taşlamagy, çaga zähmeti we durmuş gurmak ýaly howplary ýany bilen alyp gelýändigi habar berildi.

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 34 müň 844 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 215 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guraýan hüjümlerinde 7 gyrgynçylyk edendigi, hüjümlerde ýene-de 55 palestinalynyň ýogalandygy, 200 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde şehit bolanlaryň sany 34 müň 844 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 78 müň 404 adama ýetendigi ýatladyldy.

 

 

 

Tags