May 23, 2024 10:22 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Ermenistan bilen gatnaşyklary giňeltmek syýasaty dowam eder

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Ermenistanyň premýer-ministri bilen bolan duşuşygynda Seýid Ebrahim Raisiniň şehit bolmagyna duýgudaşlyk bildirýändigine minnetdarlyk bildirip, Eýran bilen Ermenistanyň taryhy we geografiki umumylyklaryny we umumy bähbitlerini görkezdi we şeýle diýdi: Yslam Respublikasynyň Ermenistan bilen gatnaşyklaryny giňeltmek syýasaty dowam etdirilmelidir.

Çarşenbe güni Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen Tähranda duşuşyp, Ermenistanyň premýer-ministriniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki häsiýetine ünsi çekenligini salgylanyp hyzmatdaşlygy giňeltmäge berýän ünsüm gatnaşyklaryň strategiki häsiýetine esaslanýar, ýöne esasy zat iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň garşydaşlarynyň bolmagy we şu esasda taraplar bilen baglanyşykly meseleleriň üns berilip dykgatly bilen çözülmegidir diiýp beýan etdiler.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan hem bu duşuşykda ermeni halkynyň we hökümetiniň  duýgudaşlygyny bildirdi.

Eýranyň prezidentiniň we Daşary işler ministriniň we onuň ýoldaşlarynyň howa heläkçiliginde ölendigi baradaky habary eşidenimizde geň galdyk, ýöne siziň aýdyşyňyz ýaly, siziň ýolbaşçylygyňyzda hiç hili bidüzgünçilik bolmajakdygyna ynanýarys diýip Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan sözüne goşdy.

Tags