May 25, 2024 10:16 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Halkyň merhum prezidente wepalylygy, Eýranyň peýdasyna dünýä ýüzlenmesi hökmünde boldy

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Eýranyň merhum prezidenti Yslam rewolýusiýasynyň şygarlarynyň beýany hasapladylar we halkyň oňa wepalylygyny we yhlasyny Yslam respublikasynyň peýdasyna dünýä ýüzlenmesi hökmünde häsiýetlendirdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Eýranyň merhum prezidenti Seýid Ebrahim Raisiniň öýüne baranda: onuň aramyzdan gitmegi ýurt üçin agyr we düzedip bolmajak ýitgisidir diýip beýan etdiler.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri, prezidentiň uzatma çäresine uly ilatyň giň gerimde gatnaşanlygyna salgylanyp bu huzur daşary ýurtly myhmanlaryň gözünden ýaşryn galan däldirdiýmek bilen  bu waka Yslam respublikasynyň ilin düzgündigini  hemde kuwwatlylygyny mälim etdi diýdiler. bu güýç kuwwat Eýran jemgyýetinde we milletinde çuňňur kök uran güýçdir diýip Mertebesi belent ýolbaşçy sözüne goşdular.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri merhum prezidentiň çyn ýürekden edilýän hyzmatlarynyň diňe bir ömri bilen çäklenmeýändigini belläp, sözüniň dowamynda Prezident ömründen soň hem ýurda gymmatly hyzmatlar edendir diýip nygtadylar.