Eýranyň prezidenti: Liwanda bolup geçen terrorçylykly waka Günbatar ýurtlary üçin utanç döredýär
(last modified Wed, 18 Sep 2024 13:16:47 GMT )
Sep 18, 2024 18:16 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidenti: Liwanda bolup geçen terrorçylykly waka Günbatar ýurtlary üçin utanç döredýär

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Liwanda bolup geçen terrorçylykly wakany günbatar ýurtlary, esasanam Amerikalylar üçin utanç hasaplady.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti "Masud Pezeşkian" çarşenbe güni Eýranyň hökümet wekiliýetiniň ýygnagynda Liwanda geçen günüň (sişenbe) wakalaryna yşarat edip, şeýle wakany adamkärçiliksiz maksatlaryna ýetmek üçin ähli mümkinçiliklerini ulanýan günbatar ýurtlary, esasanam amerikalylar üçin utanç hasaplady.

Pezeşkian şeýle-de adatça adamzadyň rahatlygyny we abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin ýasalan gurallaryň, pikirleri biz bilen gabat gelmeýänlere garşy terror we ýok ediş gurallary hökmünde ulanylmagyny adamzadyň ýykylmagynyň we wagşylygyň we jenaýatçylygyň agdyklyk etmeginiň subutnamasydyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti sözüniň dowamynda bu waka Günbatar ýurtlarynyň we Amerikalylaryň ýaraşyk gözleýändigini öňe sürýändiklerine garamazdan, Sionist režiminiň jenaýatlaryny we terrorlaryny doly goldaýandyklaryny görkezdi diýdi.

Eýranyň 14-nji döwletiniň başlygy, bu ýagdaýy düzetmegiň we sionist režimiň we onuň tarapdarlarynyň ezilen palestinalylara we yslam dünýäsine garşy zulum we jenaýat zynjyryny döwmegiň çözgüdi musulmanlaryň we yslam ýurtlarynyň agzybirligi we birleşigidir diýip beýan etdi.

Tags