Galibaf: Halkara Mejlisara Bileleşiginiň ýygnagynda Gaza we Liwan halkynyň garşylyk habaryny dünýäniň gulagyna ýetirdik
(last modified 2024-10-16T07:44:34+00:00 )
Oct 16, 2024 12:44 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Halkara Mejlisara Bileleşiginiň ýygnagynda Gaza we Liwan halkynyň garşylyk habaryny dünýäniň gulagyna ýetirdik

Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen dünýä mejlisleriniň ýygnagyndan gaýdyp gelen Eýran Yslam Geňeşiniň başlygy, Halkara Mejlisara Bileleşiginiň ýygnagynda Gazanyň we Liwan halkynyň mazlumlyk we garşylyk habaryny dünýäniň gulagyna ýetirdik diýdi.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy "Muhammet Bagyr Galibaf" Beýrut we Şweýsariýanyň Ženewa şäherlerine gideninden soň, düýn sişenbe güni gije Tährana gelende, Halkara Mejlisara Bileleşiginiň (IPU) ýyllyk ýygnagynyň Žewada geçirilendigini we parlament baştutanlarynyň bu ýere ýygnanandygyny aýtmak bilen, Eýranyň halky we tutuş yslam halky eziz Liwan halkynyň tarapdarlarydyrlar diýip aýtdy.

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy Eýranyň ynsanperwer goldawy we Liwanyň tarapdarlarynyň habaryny bu ýurduň halkyna ýetirmek baradaky islegine salgylanyp, biz şeýle hem, sanynyň bir million 500 000 adamdan gowrakdygy çak edilýän bosgunlara goldaw ýagdaýy barada söhbet etdik, netijede Liwan hökümeti, mejlisi we Liwan halky we Garşylyk fronty haýsy karara gelse, Eýran Yslam Respublikasy muny goldajakdygyny aýtdy.

Galibaf sözüniň dowamynda garşylyk frontuna, esasanam Seýid "Hasan Nasrollahyň" we garşylyk frontunyň ýokary derejeli serkerdeleriniň şehit bolmagy zerarly ruhy taýdan zeper ýetendigine garamazdan, güýç we tizlik bilen özlerini täzeden gurup bildiler diýdi.

Galibaf şeýle-de Yslam we yslam däl ýurtlaryň ähli yklymlardan, esasanam Afrika we Günorta Amerikadaky pozisiýalary Liwan we Palestina meselesinde gowy pozisiýa eýeledi.

Tags