Eýranyň we Fransiýanyň prezidentleri Liwanyň Hizbullahy bilen Sionist režimiň arasyndaky atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyklaryny gözden geçirdiler
(last modified 2024-10-14T07:16:10+00:00 )
Oct 14, 2024 12:16 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Fransiýanyň prezidentleri Liwanyň Hizbullahy bilen Sionist režimiň arasyndaky atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyklaryny gözden geçirdiler

Eýran Yslam Respublikasynyň we Fransiýanyň prezidentleri konflikti duruzmagyň we Liwanyň Hizbullahy bilen Sionist režiminiň arasynda ýaraşyk baglaşmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Prezidentiň maglumat bazasyna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň we Fransiýa prezidentleri "Massud Pezeşkian" we "Emmanuel Makron" ýekşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlikde, sebitdäki soňky wakalar, esasanam Liwanyň günortasyndaky krizisiň möwjemegi barada pikir alyşdylar.

Pezeşkian Eýranyň elmydama uruşdan we tolgunyşyklardan uzak howpsuz bir sebit isleýändigini we söweşiň we konfliktiň bes edilmegini garşy alýandygyny  aýtmak bilen, Sionist režimi tarapyndan Tähranda şehit "Ysmaýyl Haniýe" gorkak terror edilmeginden soň hem Eýran Yslam respublikasy Günbatar ýurtlarynyň baştutanlarynyň ot açyşlygy bes etmegi wadasyna we mazlum we bigünä adamlaryň öldürilmeginiň öňüni almak umydy bilen özüni saklady, emma sionistler, Gaza zolagynda bolan partlamalary we jenaýatlary güýçlendirip, Liwana çenli giňeltmek bilen haýsydyr bir ynsanperwer çarçuwasyna we halkara kanunlaryna boýun egmeýändiklerini görkezdiler diýdi.

Ysraýylyň genosid režimi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goldawy bilen, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagyna garşy weýrançylykly söweş başlady, netijede müňlerçe palestinaly köpçülikleýin weýrançylykdan we ölümli açlykdan başga-da, köpüsi aýallar we çagalar, şehit boldylar we ýaralandylar.

23-nji sentýabrda Ysraýyl goşuny Liwanyň günortasyndaky dürli sebitlere köpçülikleýin hüjümleri amala aşyrdy we häzirki wagta çenli dowam edýär.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň hasabatyna görä, bu režimiň hüjümleri netijesinde ýüzlerçe adam şehit we müňlerçe adam ýaralandy.

Tags