Apr 23, 2018 17:51 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Amerika ýadro ylalaşygyndan çykan ýagdaýnda Eýranyň göz öňüne aljak iň esasy çäresi ýadro işlerine badalga bermekdir.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Amerikanyň Al-Manitor habar saýty bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerikanyň ýadro ylalaşygynda çykan ýagdaýnda Eýranyň göz öňüne aljak iň esasy çäresi ýadro işlerine badalga bermekdir diýdi.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryna Amerikanyň amal etmänligine yşarat edip Eýran Yslam Respublikasy milli bähbitleri esasynda tutum tutjakdyr diýip nygtady.

Zarif şeýle-de geçen 15 aýyň boýunda Eýrany ýadro ylalaşygyň bähbitlerinden alyp galmak ugurda Amerikanyň baş goşan hereketlerine yşarat edip Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagy Eýranyň ykdysadyýetine onçakly täsiri bolmaz diýip nygtady.

Eýranyň daşary işler ministri şeýle-de Amerikany ýadro ylalaşygynda saklamak niýeti bilen Germaniýa bilen Fransiýanyň Eýrana basyş bermek ugurdaky tagallalaryna yşarat edip Ýewropalylar ýalňyşýandyrlar sebäbi egerde olar öz ýurtlarynyň bähbidini isleýän bolsalar Amerikanyň prezidenti Donald Trumpy ýadro ylalaşykda galmaga razy etmelidirler diýip beýan etdi.

Tags