Eýran bilen Orsýetiň resmileri sebitleýin hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegini nygtadylar
(last modified Fri, 21 Dec 2018 15:32:35 GMT )
Dec 21, 2018 20:32 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Orsýetiň resmileri sebitleýin hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegini nygtadylar

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Abbas Aragçi bilen Orsýetiň daşary işler ministrniň orunbasary Sergeý Riýabkow sebitleýin hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Abbas Aragçi bilen Eýranyň Orsýetdäki ilçisi Mahdi Sanaei Moskwada Orsýetiň daşary işler ministrniň orunbasary Sergeý Riýabkow bilen duşuşyp syýasy, sebitleýin we halkara möhüm meseleler şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada gürrüň etdiler.

bu duşuşykda Abbas Aragçi Eýran bilen Orsýetiň sebitleýin we halkara gowy gatnaşyklardan paýlydygyny aýtmak bilen sebit we halkara meseleler barada iki tarap umuman meňzeş garaýyşdan paýlydyrlar diýdi.

dünýä kynçylyklarynyň aglabasy Amerika we onuň ýaranlaryny nädogry syýasatlaryny netijesidir diýip Abbas Aragçi sözüne goşdy.

 Orsýetiň daşary işler ministrniň orunbasary Sergeý Riýabkow hem bu duşuşykda ikitaraplaýyn syýasy gepleşikleri geçirmäge ykjamdygyny yglan etmek bilen Eýran we Orsýet ynamly hyzmatdaşdyrlar diýip nygtady.

Tags