Waezi: Eýran hiç haçan Owganystanyň içeri işlerine gatyşandäldir
Eýranyň prezidentlik gullugynyň başlygy Mahmud Waezi Eýran hiç haçan Owganystanyň içeri işlerine gatyşmaýar diýip yglan etdi.
Mahmu Waezi ISNA habarlar gullugynyň bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýran bilen Taliban toparynyň arasynda geçirlen gepleşiklere yşarat edip Eýranyň goňşy ýurtlary şol sanda Owganystan uly kynçylyklara şol sanda içeri uruşa gabat gelip durandyr diýmek bilen bu ýurtdaky durnuksyzlygyň Eýrana hem çekilmegi ahmaldyr diiýp nygtady.
Waezi sözüniň dowamynda Taliban topary bilen geçirilýän gepleşikler Kabul döwletiniň sazlaşygy bilen amala aşyrylýandyr diýmek bilen sebitiň howpsuzlygy Eýran üçin gaty ähmiýetlidir we ol bir tarapdan Eýran bilen talibanyň arasynda geçirlen gepleşiklere Kabul döwleti nägilelik bildirendäldir diýip beýan etdi.
Tehraniň maksady Owganystanly taraplaryň gepleşik geçirmeklerine şert döretmekdir diýip Eýranyň prezidentlik gullugynyň başlygy Mahmud Waezi sözüne goşdy.