Feb 01, 2019 20:01 Asia/Ashgabat
  • Aýatollah Ymami Kaşani:22-nji Bahmen ýol ýörüşliklerinde Eýran milleti duşmanlaryň tamasyny üzdürjekdir

Tehranyň juma namazynyň hatyby Fajyr onlygynyň başlanmagyny gutlamak bilen Eýran milleti 22-nji Bahman gününiň ýol ýörüşliklerinde uly hyjuw bilen gatnaşyp duşmanlaryň tamasyny üzdürjekdir we olaryň pitnelerini şowsuzlyga uçratjakdyr diýip nygtady.

şu gün Aýatollah Muhammet Ymami Kaşani Tehranyň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Pahlawi režimi kiçilik,yza galaklyk hemde Amerika we Sionist režiminiň garşysynda ejizlik taýdan al-Saud režiminden hem pesiräkdi diýmek bilen Eýran milleti geçirimlilik we jan aýamazlyk bilen yslam ynkylabynyň ýeňişe ýetmegine sebäp bolandyr diýip beýan etdi.

Tehranyň juma namazynyň hatyby sözüniň dowamynda Aziýanyň günbatarynda duşmanlaryň amala aşyrýan pitnelerine yşarat edip Amerika,Sionist režimi we al-Saud özleriniň döreden pitnesine giriptar bolandyrlar diýip nygtady.

40 ýyl mundan ozal şeýle-de bir günde ýene bir ybaratda 1979-nji ýylyň birinji Fewralynda yslam ynkylabynyň düýbüni tutan Ymam Homeini(rh) hezretleri 15 ýyl sürgünlikden soňra watana dolanyp geldi we on gün soňra ýene bir ybaratda 1357-nji ýylyň 22-nji Bahman gününde Eýranyň yslam ynkylaby ýeňişe ýetdi.

12-nji we 22-nji Bahman aralygy Eýranyň senenamasynda Fajyr onlugy adyny alandyr.

Tags