Apr 19, 2024 18:48 Asia/Ashgabat
  • Tähranyň Juma namazynyň Hatyby: Sadyk wadasy we jeza çäresi Eýranyň al-Aqsa tupanydy

Tähranda juma namazynyň wagtlaýyn ymamy Sadyk wadasy we jeza çäresi deňagramly jogap, minimal reaksiýa we Eýranyň al-Aqsa tupanydy diýip beýan etdi.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä; Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy Hojjatul-Islam Haj Ali Akbari, şu gün Tähran şäherinde juma namazlarynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Ysraýyla garşy Sadyk wadasy we jeza çäresine yşarat edip bu operasiýa, palestinaly söweşijileriň al-Aqsa tupany ýaly, Eýranyň al-Aqsa tupanydyr diýdi.

Tähranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de bu operasiýanyň Sionist režimiň hasaplamalaryny bozandygyny we Eýranyň güýjini we öňüni alyş gudratyny duşmana görkezendigini ýatlap bu operasiýa galyp Sionist režimiň boş haýbatyny bozandygyny aýtdy.

Hojjatul-Islam Haj Ali Akbari şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň duşmanlarynyň bu ýurduň halkynyň agzybirliginden nägiledigini aýtdy.

Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy Hojjatul-Islam Haj Ali Akbari şeýle-de duşmanyň täze başdan geçirmelerine we ýalňyş hasaplamalaryna Eýranyň has güýçliräk jogap berjekdigini yglan etdi.

Tags