May 01, 2024 13:39 Asia/Ashgabat
  • Sionist režime garşy bir harby güýjün 20% -i kuwwaty bilen Eýranyň dogruçyl wadasyny ýerine ýetirmek

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Aerokosmiki Güýçleriniň serkerdesi, ABŞ-nyň, Angliýanyň, Fransiýanyň we sebitdäki köp ýurtlaryň Eýranyň hüjümini zyýansyzlandyrmak üçin sionist režime beren kömegine salgylanyp dogruçyl wadasy operasiýasynda bir harby güýjüniň diňe 20 göterimi ähli dünýä güýçlerine garşy durmak üçin ulanyldy diýdi.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, brigada generaly "Amir Ali Hajizadeh", Sionist režime garşy dogruçyl wadasy operasiýasyna salgylanyp bu operasiýanyň köp gizlin nokatlary bar we bu bir harby güýjüniň diňe bir bölegidir diýdi.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Aerokosmiki Güýçleriniň serkerdesi sözüniň dowamynda, dogruçyl wadasy operasiýasynda sionistlere garşy jeza çäresi üçin üpjün eden ähli desgalarymyzyň diňe 20% -ini ulandyk emma bu 20% kuwwatymyz bilen iş salyşmak üçin geň bir hatar düzüldi diýip beýan etdi.

Sardar Hajizadeh şeýle-de "Biz goşulmarys" diýýän amerikalylar, düýbünden goşuldylar we sionist režimiň tarapyny tutdylar diýdi.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Aerokosmiki Güýçleriniň serkerdesişeýle hem "Sadyk wadasy" ýa-da şol dogruçyl wadasy operasiýasy wagtynda Sionist regimi Gaza we Liwanyň günortasyndaky Hizbullanyň pozisiýalaryna hüjümlerini bes etdi we has dogrusy, ähli desgalaryny Eýranyň hüjümine garşy durmak üçin besij etdi diýdi.

Sardar Hajizadeh, Eýranyň hüjümini zyýansyzlandyrmak üçin Amerikanyň, Angliýanyň, Fransiýanyň we sebitdäki köp ýurtlaryň sionistlere beren kömegine salgylanyp Amerikalylar uçarlardan başga-da öz kruizerlerini we uçar göterijilerini meýdana getirdiler we şol gije Eýranyň harby güýjüniň 20% -i kuwwaty dünýäniň ähli güýçlerine we olaryň ýaranlaryna garşy durmak üçin ulanyldy diýdi.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Aerokosmiki Güýçleriniň serkerdesi sözleriniň soňunda duşmanlaryň ähli hereketlerine garamazdan, Alhamdulillah, bu uly ýeňiş şehitleriň ganynyň bereketi, Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysynyň tutanýerliligi we islegi we halkyň doga-dilegleri bilen hasyl boldy we aslynda halkyň islegi kristallaşdy.

Tags