Apr 27, 2024 16:14 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň ykdysady mümkinçiliklerini  görkezýän

Eýran Yslam Respublikasynyň eksport mümkinçilikleriniň 6-njy sergisi (IRAN EXPO 2024) Eýranyň ykdysady mümkinçiliklerini görkezmek maksady bilen başlandy.

 

 

Eýran Yslam Respublikasynyň eksport mümkinçilikleriniň 6-njy sergisi (IRAN EXPO 2024), 119 ýurtdan gelen  iki müňden gowrak söwdagär bilen Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisiniň gatnaşmagynda,şu gün  27-nji aprel başlanyp,  1-nji maý-da tamamlanjakdyr) .bu sergi Tähranyň halkara sergi merkezinde geçirilýär.

Eýranyň senagat bölümlerine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly platforma döretmek, Eýran Yslam Respublikasynyň eksport mümkinçilikleriniň 6-njy sergisiniň maksadydyr. Iran Expo 2024, ýurduň eksport pudagynda hakyky mümkinçiliklerini görkezýän milli sergidir.

 

Iran Expo 2024” sergisiniň iki möhüm aýratynlygy, dürli ýurtlardan gelen söwdagärleriň we telekeçileriň Eýranyň ykdysady mümkinçilikleri we ýurduň täjirçilik kompaniýalarynyň mümkinçilikleri barada öwrenmek üçin köp gatnaşmagydyr. Bu serginiň ýene bir möhüm aýratynlygy, senagat bölümleri önümlerini we tehniki mümkinçiliklerini beýleki ýurtlara hödürläp biler ýaly, Eýran kompaniýalarynyň dünýäniň ähli künjeklerinde maýa goýumlaryna we ykdysady çärelere taýýarlygydyr.

  ABŞ we Ak tamyň günbatar ýaranlary tarapyndan Eýrana girizilen sanksiýalara we ähli çäklendirmelere garamazdan, eýran kompaniýalarynyň dürli önüm öndürmek üçin tehniki mümkinçiliklerini ep-esli ýokarlandyran ýagdaýynda  bu serge geçirilýär we  ykdysady ösüşde we ýurduň ylmy mümkinçiliklerini ýerine ýetirmekde täsirli rol oýnajakdyr.

Eýranly ýaş alymlar we hünärmenler soňky ýyllarda ýokary hilli önüm öndürmekde üstünlik gazandylar we ýurduň dürli ugurlardaky zerurlyklaryny ep-esli derejede kanagatlandyrdylar. Eýran sergisinde, Eýran önümleriniň wekili üçin aýratyn ýer bardyr.

Eýranyň Senagat, magdan we söwda ministri Abbas Aliabadi şu ýylky sergide daşary ýurtly telekeçileriň barlygy barada  “Bu iki müň telekeçi Eýranyň ykdysadyýetinde uly üýtgeşiklik döredip biler we işewürlik döredilip, iş şertnamalaryna gol çekilse, bolar elbetde işde we işde gülläp ösmek bolar diýdi. Senagat, magdan we söwda ministriniň orunbasary Farşad Moghimi hem şeýle diýdi: “Iran Expo 2024”, eksport pudagynda ýurduň hakyky mümkinçilikleri görkezilýän milli sergidir.

 

 

 

Tags