May 08, 2024 15:22 Asia/Ashgabat
  • Pakistanyň daşary işler ministri Amerikanyň Eýran bilen gatnaşyklary babatdaky

Pakistanyň daşary işler ministri Amerikanyň Yslamabat-Tähran söwda gatnaşyklary baradaky duýduryşyna ähmiýet bermedi we Pakistana buýruk ýa-da gadagan edilip bilinmejekdigini aýtdy.

Isnanyň Pakistanyň "Don" gazetine salgylanyp beren habaryna görä, premýer-ministriň orunbasary we Daşary işler ministri Muhammet Yshak Dar sişenbe güni agşam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Pakistanyň Eýran bilen söwda gatnaşyklary baradaky esasanam iki ýurduň arasyndaky gaz geçiriji turbageçiriji taslamasy baradaky duýduryşlaryna üns bermedi we Pakistana buýruk we gadagan edilip bilinmez we bu ýurt kararlarynda diňe öz bähbitlerine seredýär diýip yglan etdi.

"Muhammet Yshak Dar" Yslamabatda geçirilen metbugat ýygnagynda bu taslama baradaky soragyň jogabynda, "Yslamabat, Amerikanyň we beýleki ýurtlaryň näme diýýändigine garamazdan Pakistanyň bähbitlerini ýatda saklamaly we haçan we nädip karara gelmegi barada tutum tutmalydyr"-diýdi.

Pakistanyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda Pakistan garaşsyz ýurtdyr we beýlekileriň Pakistanyň garaşsyzlygyna hormat goýmagyna garaşýarys diýdi.

Ýakynda Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisiniň Pakistana eden saparyndan soň, köp ugurda şertnamalara we hyzmatdaşlyk memorandumlaryna gol çekilmegi bilen Waşington Eýran bilen iş salyşýanlara sanksiýa girizmek howpy barada duýduryş berdi.

Pakistanyň daşary işler ministri prezidentiň bu ýurda eden saparyny "örän netijeli" diýip häsiýetlendirdi.

Pakistanda nebitiň we gazyň ýoklugyna garamazdan, Pakistana gaz geçirmek üçin iň möhüm meýilnama hökmünde Eýrandan Pakistana (parahatçylyk turbageçirijisi) gaz üpjünçiligi taslamasy daşary ýurt güýçleriniň, şol sanda ABŞ-nyň Yslamabada basyşy sebäpli amala aşyrylan däldir.