May 08, 2024 10:53 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili, Sionist režimiň Tährana garşy aýdanlaryny ret etdi

Howpsuzlyk Geňeşine iberen hatynda Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili, Sionist režimiň Tährana garşy aýdanlaryny ret edip Dürli ugurlara konstruktiw gatnaşmagy arkaly Eýran halkara parahatçylygy we howpsuzlygy ösdürmekde işjeň rol oýnady diýdi.

Amir Said Irwani düýn, çarşenbe güni, Ysraýyl režiminiň, 2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasyna ýazan hatyna jogap hökmünde Howpsuzlyk Geňeşine ýazan hatynda Eýran Yslam Respublikasy bu hatdaky esassyz aýyplamalary düýbünden  ret edýär we şular ýaly esassyz talaplaryň tersine, Eýran halkara hukugyna yzygiderli hormat goýýar, Birleşen Milletler Guramasynyň jarnamasynyň ýörelgelerine eýerýär we Birleşen Milletler Guramasynyň kararlaryna eýerýär diiýp yglan etdi.

Sionist režimiň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili, ýene bir gerzek ýalan maglumat bermek bilen Eýran Yslam Respublikasyna garşy esassyz aýyplama bildirdi diýip Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Amir Said Irwani nygtap geçdi.

Tags