May 09, 2024 16:05 Asia/Ashgabat
  • Eýran BMG-nyň Ysraýylyň genosid režimine edýän basyşynyň ýokarlandyrylmagyny nygtady

Eýranyň Daşary işler ministri sionist režimiň Gaza zolagyna garşy howply çemeleşmesiniň dowam etmegi barada duýduryş berdi we Ysraýylyň genosid režimine esasanam Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan basyşlaryň ýokarlanmagyny isledi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde BMG-nyň Baş sekretarynyň Gaza zolagynda Ysraýyl režiminiň söweşini we genosidini bes etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha bermek bilen, Eýran Yslam Respublikasy sebitde durnukly we hemişelik howpsuzlygy ýola goýmak ugrundaky tagallalaryny esasanam Ysraýyl režiminiň Gaza garşy söweşde jenaýatlaryny bes etmek üçin tagallalaryny  dowam etdirýär diýdi.

Amir Abdollahian şeýle-de eger-de Amerika Netanýahunyň ýaraşygy kabul etmegine basyş etmegiň ýerine, bu režimi Rafahda täze jenaýatlar bilen köşeşdirse netijeleri urşy goldaýanlara agyr bolar diýip duýduryş berdi.

Eýranyň daşary işler ministri Hamasyň urşy bes etmek meýilnamasyna beren jogabyny goldaýandygyny mälim etmek bilen "Terrorçylyk we genosid syýasatynyň" dowamy hökmünde Sionist režimi Rafah we Karam Abu Salemiň geçelgesini ýapmak bilen sebitde ýene bir adam betbagtçylygyny döretmäge synanyşýar we urşy ýatyrmak üçin halkara tagallalaryny netijesiz edýär diýdi.

Antonio Guterreş hem Eýranyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmak üçin alyp barýan paýhasly hereketlerine we pozisiýalaryna ýokary baha bermek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň ýaraşyk şertnamasyny baglaşmak we urşy gysga wagtda bes etmek baradaky berk pozisiýasyna ünsi çekdi.