May 09, 2024 13:09 Asia/Ashgabat
  • Raisi halkara jemgyýetçiligini Gazanyň ezilen halkyna kömek etmäge çagyrdy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, ynsanperwer kömegini ibermek we Gaza zolagynyň ilatynyň çekýän azaplaryny azaltmak ugurda esas döretmek üçin dünýä ýygnaklaryny we oýa wyjdanlary bolýan ähli adamlary ýene bir gezek çagyrdy.

Irna habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi düýn (çarşenbe) Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý güni mynasybetli eden ýüzlenmesinde Sionist režimiň kömek bermekde we Gazanyň ezilen halkyna esasy saglyk we lukmançylyk hyzmatlaryny bermekde päsgelçilik döretýändigini aýdyp, bu ýyl, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Gününi bir ýagdaýda belleýäris welin şol bir wagtyň özünde Gazanyň ilaty suw, azyk, derman, esasy lukmançylyk we saglyk öýlerinden peýdalanyp bilmeýär we iň kyn şertlerde ýaşaýar diýdi.

Raisi sözüniň dowamynda Gaza zolagynda palestinalylara kömek bermek we zerur hyzmatlary bermek üçin Eýranyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň bu uly maşgalanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň agzasy hökmünde taýynlygy yglan edilendigine garamazdan, Sionist režimiň päsgelçilikleri bilen ýüzbe-ýüz boldy we hatda bu jemgyýetiň agzalary hem bu režimiň rehimsiz hüjüminden amanda bolmady we bu gaty gynandyryjydyr diýdi.