Aragçi:Amerika Eýranyň tersine ykdysady uruşa girişendir
(last modified Thu, 27 Jun 2019 13:25:27 GMT )
Jun 27, 2019 18:25 Asia/Ashgabat
  • Aragçi:Amerika Eýranyň tersine ykdysady uruşa girişendir

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary bir taraplaýyn gadaganlyklar we onuň täsirleri ady bilen geçirilen seminarda beren gürrüňlerinde Amerika Eýranyň tersine ykdysady uruşa girişendir diýip yglan etdi.

Amerika döwleti beýleki ýurtlaryň tersine dollardan bir ýarag höküminde peýdalanýp durandyr diýip Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi aýtdy.

Aragçi şeýle-de Amerika döwletiniň ýola berip duran bikanun we zalymlykly gadaganlyklaryna yşarat etmek bilen bütin dünýä köpçüliginiň bu gadaganlyklaryň tersine birleşmeklerini nygtady.

Eýran,Kuba we Wenesuela ýurtlaryň wekiliýetleri tarapyndan düzülip geçirilen bu halkara maslahata Wenesuelanyň daşary işler ministrinden,Eýranyň daşary işler ministrniň orunbasaryndan, Kubanyň wekilinden aýry Birleşen Milletler Guramanyň adam hukuk geňeşiniň ýörite hasabatçysy hem-de bir näçe halkara şahsyýet bu maslahata goşuldylar.

Tags