Aragçi:ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky Eýranyň jogapkärçiliklerini azaltmak işi dowam etjekdir
(last modified Fri, 25 Oct 2019 12:08:26 GMT )
Oct 25, 2019 17:08 Asia/Ashgabat
  • Aragçi:ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky Eýranyň jogapkärçiliklerini azaltmak işi dowam etjekdir

Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy işler boýunça orunbasary Abbas Aragçi:Ýewropalylar ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky öz jogapkärçiliklerinde tapylmasalar Eýran bu ylalaşykdaky öz jogapkärçiliklerini azaltmak ugurda ätýän ädimlerini äder diýip yglan etdi.

Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy işler boýunça orunbasary Abbas Aragçi Fransiýanyň taslamasyna we prezident Hasan Ruhaniň Nýu-Ýorkda geçiren söhbetdeşliklerine yşarat edip Eýran aradaky dartgynlylyga parahatçylykly ýollardan çäre görmekde öňe sürülýän her bir taslamany garşy alýandyr diýip yglan etdi.

Eýranyň bildirýän islegleri üpjün edilmese Eýran ýadro ylalaşygyň 36-nji bendine laýyklykda özüniň jogapkärçiliklerini azaldar diýip Aragçi sözlerine goşdy.

Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy işler boýunça orunbasary şeýle-de hiç bir tarap Eýran Yslam Respublikasynyň özüniň ýadro ylalaşygyndaky jogapkärçiliklerini azaltmak baradaky yradasyna şek etmesin diýip beýan etdi.

Tags