Nov 22, 2019 17:20 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Hatami:Eýranda soňky bozgakçylyk hereketleri guramalaşdyrmakda Amerika,Fransiýa we Britaniýanyň elleri bolandyr

Tehranyň juma namazynyň hatyby Aýatolla Ahmet Hatami soňky günlerde Eýran ilatynyň isleglerinden ýaramaz peýdalanan bozgakçylyklaryň ýola beren işlerine yşarat edip bozgakçylary guramalaşdyrmakda gynanç bilen Fransiýa bilen Britaniýa döwletleri hem Amerikanyň ýanynda bolandyrlar diýip beýan etdi.

geçen ana güni Eýranda benziniň bahasynyň düzeldilmeginden soň Eýranyň bir näçe şäherinde ilatyň ýola beren parahatçylykly ýol ýöreşlerini daşary ýurtlardan we duşmanlardan ugur alýan bozgakçylar  başga ugura çekdiler.

Teranyň juma namazynyň hatyby Aýatolla Ahmet Hatami geçen näçe günlükde bozgakçylaryň ýola beren ýaramaz işlerine yşarat edip Eýran milletiniň duşmanlary Eýranda bulagaýçylyk ýola bermek üçin 3 ýyllap ýurduň içinde we daşynda bozgakçylara taglym berdiler emma olaryň hileleri iň soňda netijesyz bolandyr diýip yglan etdi.

Teranyň juma namazynyň hatyby kä ýurtlaryň soňky wakalarda bozgakçylardan arka çykmaklaryna yşarat edip Saud režimi özüniň maliýe hemaýatlary bilen birlikde arabaglanşyk serişdelerini hem olaryň erkinde goýandyr diýip yglan etdi.

Aýatolla Hatami terrorçy Munafyklar toparjygynyň adamlaryny soňky bulagaýçylyklaryň sebäpkärlerinden bilmek bilen Eýran halkyndan 17 müňsini şehit eden bu toparjyk şerçilerden we bozgakçylardan arka çykandyr diýip aýtdy.

Teranyň juma namazynyň hatyby Eýran ilatynyň sahnada huzurly bolmaklaryny duşmanlaryň soňky piltiginiň puja çykmagyna sebäpkär bilmek bilen döwlet indi öz wadasynda tapylyp harytlaryň bahalanmagynyň öňüni almalydyr diýip yglan etdi.

Eýran ilaty soňky günlerde ýurduň dürli şäherlerinde ýol ýöreş geçirip bozgakçylaryň işlerini ýygrenýändiklerini yglan etdiler.

Tags