Eýran bilen Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy
(last modified Sun, 08 Dec 2019 17:28:31 GMT )
Dec 08, 2019 22:28 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Eýran bilen Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary iki taraplaýyn arabaglanşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.

Eýranyň daşary işler ministrniň orunbasary Seýed Abbas Aragçi şu gün Tehranda Gruziýanyň daşary işler ministrniň orunbasary Aleksandyr Hutisýaşwiliň duşuşygynda Eýranyň öz goňşy ýurtlary bilen saklaýan arabaglanşyklary daşky sebäpkärlerden täsir alýan däldir diýmek bilen Tehranyň Tbilisi bilen saklaýan ara gatnaşyklaryna ähmiýet berýändigini aýtdy.

Aragçi  şeýle-de Amerikanyň bir taraplaýyn gadaganlyklary netijesinde dörän kynçylyklara yşarat edip Tehran bu gadaganlyklara özüniň goňşy ýurtlary bilen saklaýan arkalaşyklaryny ösdürmekde bir pursat höküminde garaýandyr diýip yglan etdi.

Eýran bilen Gruziýanyň 3-nji syýasy maslahatlaryna gatnaşmak üçin Tehrana sapar eden Gruziýanyň daşary işler ministrniň orunbasary hem bu duşuşykda öz ýurdunyň Eýran bilen saklap gelýän taryhy arabaglanşyklaryna yşarat edip Tbilisi döwletiniň bütin ugurlarda Tehran bilen saklaýan arabaglanşyklaryny ösdürmäge taýýardygyny yglan etdi.

Tags