Aragçi: Amerika owgan hökümetiniň ýoklugynda Talyban bilen ylalaşandyr
(last modified Sun, 19 Jul 2020 13:02:44 GMT )
Jul 19, 2020 18:02 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Amerika owgan hökümetiniň ýoklugynda Talyban bilen ylalaşandyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Seýed Abbas Aragçi:Özüni Kabulyň ýarany diýip atlandyrýan ABŞ, owgan hökümetiniň ýok ýerinde Talyban bilen gepleşik geçirip ylalaşandyr diýdi.

 Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Aragçi Owganystanyň Tolunews habar ulgamy bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýranyň Talyban bilen gatnaşygy barada berilen soragyň jogabynda hemmeler Talyban toparyny kimiň döredendigini we durmuşda hem kimiň Talyban bilen söhbetdeşlik saklap olar bilen işleşýändigini bilýändirler Eýranyň Talyban bilen hiç mahal şu hili ara-baglanşygy bolan däldyr diýip belläp geçdi.

Araqçi:Talybanyň Eýranda wekilhanasy ýokdyr diýmek bilen elbet mümkinde Talyban topary özüne maşat geňeşi diýen bir zady döreden bolsun ýöne Eýran bu geňeşe ykrarly däldir diýip beýan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary sözüniň dowamynda: Tähran Owganystandaky ähli toparlar bilen aragatnaşyk saklaýşy ýaly Talyban bilen hem aragatnaşyk saklady we pikirlerini eşitdi we Eýranyň pozisiýasyny yglan etdi diýdi.

Aragçi geçen çarşenbe güni Kabula gidip, owgan resmileri bilen duşuşmak üçin ýokary derejeli syýasy, ykdysady we howpsuzlyk delegasiýasyna ýolbaşçylyk etdi.

Tags