Aragçi: Owgan halkynyň hal-ýagdaýy Eýran halkynyň ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr
(last modified Sun, 13 Dec 2020 12:57:21 GMT )
Dec 13, 2020 17:57 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Owgan halkynyň hal-ýagdaýy Eýran halkynyň ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary "Owgan halkynyň hal-ýagdaýy we ösüşi Eýran halkynyň ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr we bu strategiki hakykatdyr" -diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Seýid Abbas Aragçi şenbe güni agşam Kabula saparyň çäginde we Owganystanyň ýokary derejeli resmileri bilengeçiren duşuşyklarynyň ýanynda IRAN Press-e beren interwýusynda Owganystanyň parahatçylyk we durnuklylyk prosesinde käbir ýurtlaryň weýran ediji roluna yşarat edip Eýran Yslam Respublikasy hemişe Owganystanyň halkynyň we hökümetiniň ýanyndadyr diýip yglan etdi.

Eýran bilen Owganystanyň arasynda giňişleýin strategiki resminamany ara alyp maslahatlaşmak üçin Kabula giden Aragçi resminamanyň bäş bölüminiň bardygyny, olaryň dördüsiniň gutarandygyny, diňe howpsuzlyk bölüminiň galanlygyny we ýakyn wagtda onuň hem tamamlanjakdygyny aýtdy.

Tags