Feb 09, 2024 13:25 Asia/Ashgabat
  • Ýemeniň Ansarullah hereketi Gazanyň halkyna goldaw bermegi dowam etjekdigini nygtady

Ýemeniň Ansarullah hereketiniň metbugat sekretary: Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Angliýanyň Ýemende dowam etdirýän agressiýasy bu ýurduň halkynyň Gaza berýän kömegini togtatmaz we Sionist režim gämileriniň howpsuzlygyny üpjün etmez diýdi.

IRNA habar gullugynyň penşenbe güni agşam beren habaryna görä, Ýemeniň Ansarullah hereketiniň metbugat sekretary "Muhammet Abdulsalam" X sosial ulgamdaky belliginde ABŞ we Iňlisiň Al-Hodeidah welaýatyna (Ýemeniň günbatary) eden hüjümini ýurduň özygtyýarlylygynyň we halkara kanunlaryň bozulmagy hasaplamak bilen Amerikan we Iňlisiň Ýemene garşy agressiýasy Gyzyl deňizde, Arap deňzinde we Aden aýlagynda halkara deniz gatnawlaryna howp salýar diýip ýazdy.

Düýn (penşenbe) Amerikan we Iňlis uçarlary Hodeidah welaýatynyň Al-Salif şäheriniň Ras Isa sebitindäki Al-Zabrah sebitini bombalady.

Şunuň bilen baglylykda Ýemeniň Ýokary Syýasy Geňeşiniň agzasy "Muhammet Ali Al-Huti" ähli daşary ýurt harby gämileri Gyzyl deňzinden çykyp, Ýemene edilýän hüjümleri we gabawyny bes etmelidirler diýdi.

Tags