Apr 09, 2024 14:39 Asia/Ashgabat
  • Sionist general: Ysraýylyň “Titanik” gämisi heläkçilige tarap barýar

Ysraýyl režiminiň goşunynyň generaly, bu režimiň Gaza söweşindäki bulam-bujar ýagdaýy barada beren gürrüňlerinde, Ysraýylyň “Titanik” gämisi heläkçilige tarap barýar diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Ysraýyl goşunynyň generaly "Yshak Brik" syýasy we harby ýolbaşçylarynyň paýhassyz kararlary sebäpli Ysraýyl režiminiň howply ýagdaýy barada duýduryş berdi we Tel Awiw häkimiýetleriniň Eýranyň Siriýadaky ilçihanasynyň konsullyk bölümini nyşana almak kararyna Tähranyň ysraýyllylara ýetirip biljek güýçli zarbasy sebitleýin söweş howpuny ýokarlandyrýar diýdi.

Bu sionist general, Ysraýyl häkimiýetleriniň hakykaty eşitmek we oňa taýynlyk görmegiň ýerine, ýagdaýy synlamaklygy ileri tutdylar we syýasy we harby ýolbaşçylaryň aýdanlaryny diňlemek isleýändigini määlim etdiler, olar heläkçilige we dargamaga tarap barýan “Titanik” gämisiniň ýolagçylary ýalydyrlar diýdi.

Bu sionist general, Ysraýylyň syýasy we harby ýolbaşçylaryna ynanmaýandygyny we ysraýyllary bolsa buz dagyna urmaga iterýändigini aýtmak bilen bu işgärler Ysraýyl režimi gurlaly bäri bolup geçen iň uly betbagtçylyga jogapkärdir we Ysraýyl raýatlaryny howpsuzlyk, ykdysadyýet, halkara we jemgyýetçilik gatnaşyklary nukdaýnazaryndan ýok etmek tarapa alyp barýandyr diýdi.