Türkmenistanyň we Owganystanyň resmileriniň arasyndaky gepleşik
Türkmenistanyň we Owganystanyň döwlet elektrik kompaniýasynyň işgärleri Herat welaýatyna elektrik geçiriji taslamasynyň tehniki meseleleri barada pikir alyşdylar.
Talyban hökümetiniň Energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň ilçisi Hoja Öwezow bilen bolan duşuşygynda "TAP" elektrik geçiriji taslamasyny (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) durmuşa geçirmek üçin üç taraplaýyn gepleşikleri güýçlendirmek isleýändigini aýtdy.
Duşenbe-den Fars habar gullugynyň habaryna görä; "Türkman Energy" döwlet elektrik kompaniýasynyň işgärleri Owganystanyň "Braşna" energiýa kompaniýasynyň wekilleri bilen Herat welaýatynyň "Noorul Jihad" elektrik bekedine elektrik geçiriji taslamasynyň tehniki meseleleri barada pikir alyşdy.
Bu ýygnaga gatnaşyjylar taslamany gözden geçirmek, resminamalary taýýarlamak, howpsuzlyk we ätiýaçlandyryş ýaly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.