Trampyň ben Salmany günäsiz görkezmek ugurda tagallalary
Saud režimini tankyt eden žurnalist Jamal Haşogçiň ,Türkiýäň Istanbul şäherinde Saud Arabystanyň konsulçylygynda öldürilmegi bu ýurduň mirasdüşeri we hakygy häkimi Muhammet ben Salman üçin bir uly kynçylyga öwürlendir.
Žurnalist Jamal Haşogçiň ,Türkiýäň Istanbul şäherinde Saud Arabystanyň konsulçylygynda öldürilmegi bu ýurduň mirasdüşeri we hakygy häkimi Muhammet ben Salman üçin bir uly kynçylyga öwürlendir.
ABŞ-nyň raýaty Haşogçi 2-nji oktýabrda saudlaryň Stambuldaky konsulhanasyna gireninden soň, ýitirim bolupdy. Türk habar serişdeleri saud ýolbaşçylarynyň ýiti tankytçysy Haşogçiniň konsulhanada öldürilendigini we jesediniň böleklere bölünip, ýok edilendigini öňe sürdüler.
Saud resmileri bu aýyplamalary “esassyz” atlandyryp, olary ret etdiler. Şol bir wagtda, olar žurnalistiň ykbaly barada hiç hili düşündiriş bermediler.
Jamal Haşogçiň rehimsizlik bilen öldürilmegi ,dünýede güýçli reaksiýalary yzyna tirkedi we Ýewropaň başlyklary bilen Amerikaly resmiler hem bu meseläni tankyt etdiler.Saud režimi ,bu meseläni 18 gün ynkar etmeginden soň halkara gysyşlar babatly bir beýännama çykaryp onuň öldürilmegi bilen baglanşykda 18 adam şol sanda Haşogçini terror etmek üçin Riýazdan , Stanbula giden 15 adamy tutuldylar diýip yglan etdi,Haşogçiň ,Stanbulda ,Saud Arabystanyň konsulçylyk emaratynda öldürlendigini ygrar edipdi.Saud Arabystanyň asly ýarany höküminde Amerikaň içinde hem bu jenaýata köp gaýtawul berildi we kongresiň kanun düzüjileri tarapyndan Saud režimiň jezalandyrylmagyna köp isleg bildirildi.şu kynçylyklaryň netijesi hem Žurnalist Jamal Haşogçiň öldürilmeginde elleri bolan 17 adamyň Amerikaň hazanadarlyk ministrligi tarapyndan sanksiýalara salynandyklarynyň yglan edilmegi bolandyr.elbetde bu iş hem bir formalite iş bolup şu ýerlikdäki arzalary azaltmaklygy maksat edinýändir.şeýle halda AK Tam henizem , Jamal Haşogçiň öldürilmeginde Arabystanyň mirasdüşeri we hakygy häkimi Muhammet ben Salmanyň esasy roly oýnanlygyny ynkar edip ,Waşington bilen Riýazyň ýaýbaň gatnaşyklarynyň dowam etmegine gerekli bolýan bahanalary tapmak ugurynda hereket etýändir.şu ugurda Amerikaň prezidenti Donald Tramp soňky günlerde beren gürrüňlerinde ,Haşogçiň öldürilmegi bilen baglanşykda Amerikaň merkezi aňtaw guramasy SIA-ň aýdan gürrüňleri barada gerekli bolýan maglumaty almandygyny yglan edip,maňa aýdylşyndan Haşogçiň öldürilmeginde Saud Arabystanyň mirasdüşeriniň roly bolan däldir diýip toslady.şeýle halda ABŞ-yň SIA guramasy,Stanbulda Arabystanyň konsulçylygynyň içinde Jamal Haşogçiň öldürilmeginde Muhammet ben Salmanyň tarapyndan buýruk berilendigine ýetik bolandygyny yglan edipdi.her halda Trampyň Haşogçiň öldürilmeginde ben Salmany günäsiz görkezmek üçin tagalla etmegi bilende ,emma Saudylaryň bu jenaýatynyň garşysynda täsirli gaýtawul berilmegi üçin halkara örisinde şol sanda Amerikaň kongresinde Waşington bilen Riýaza köp agram berilýändir.