Feb 02, 2021 16:47 Asia/Ashgabat
  • Siriýanyň iň uly gaz ýatagynda Amerika harbylaryň sanyny artdyrmak

Habar beriş çeşmeleri Siriýanyň iň uly gaz ýatagynda ABŞ-nyň goşunlarynyň ýurduň baýlyklaryny ogurlamak üçin köpelendigini habar berdiler.

Sputnik habar gullugy duşenbe güni agşam Siriýanyň ýerli çeşmelerine salgylanyp, ýarag, ok-däri we nebit enjamlaryny alyp barýan 30-dan gowrak ýük awtoulagy Siriýanyň gündogaryndaky Koniko gaz ýatagyna girendigini yglan etdi.

Sputnikiň habaryna görä, ABŞ goşunlary sebitde hakyna tutulan güýçleri öwrediş berip Siriýanyň nebit baýlyklaryny ogurlamak we Yraga geçirmek üçin ulanýarlar.

Siriýanyň gündogar sebitleri nebit çeşmelerine baýdyr we Siriýanyň  mediýa çeşmeleri mundan ozal hem ABŞ güýçleriniň Sriýanyň çeşmeleriniň ogurlanmagy barada birnäçe gezek duýduryş beripdiler.

ABŞ harby güýçleri we olar bilen baglanyşykly Kürt Demokratik Güýçleri (SDF) Siriýanyň demirgazygynda we demirgazyk-gündogarynda köp wagt bäri bikanun hereket edýär we ýurduň nebit baýlyklaryny talamakdan başga-da ýaşaýjylara garşy çäre görýär.

Siriýanyň hökümeti, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň terrorçylyk elementleriniň we olara degişli güýçleriň Siriýanyň gündogar we demirgazyk-gündogaryndaky ýurduň nebitini talamakdan başga maksatlarynyň ýokdugyny we sebiti terk etmelidigini hemişe nygtandyr.

Tags