Dec 31, 2021 16:29 Asia/Ashgabat
  • Halkara terrorçylyga garşy göreşde Orsýetiň Siriýa goldawy

Siriýanyň we Orsýetiň prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we halkara terrorçylyga garşy göreşiň zerurdygyny aýtdylar.

SANA habar gullugynyň anna güni beren habaryna görä Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad we rus kärdeşi Wladimir Putin Täze ýyl mynasybetli iberen gutlag hatlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň we berkitmegiň zerurdygyny we halkara terrorçylyga garşy göreşde Moskwanyň Damaska ​​berýän goldawyny bellediler.

Başar al-Assad täze ýyl, Damask bilen Moskwanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda tapawutly we ajaýyp gatnaşyklaryň ajaýyp üstünliklere ýetmegine we iki halkyň durmuşyna oňyn täsirleri we netijeleri  goýmagyna umyt bildirdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem siriýaly kärdeşi Başar al-Assada iberen gutlag hatynda halkara terrorçylyga garşy göreşde dostlukly Siriýa döwletine hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň, ýurtdaky krizisiň syýasy çözgüdini tapmagyň we Siriýadaky dikeldiş işlerine goldaw bermegiň zerurdygyny aýtdy.

Tags