Sionist režimiň Gaza zolagyndaky Han Ýunis şäherine eden hüjüminde 16 palestinalynyň şehit bolmagy
(last modified 2024-07-22T09:23:01+00:00 )
Jul 22, 2024 14:23 Asia/Ashgabat

Sionist goşunyň Gaza zolagynyň günortasynda ýerleşýän "Han Ýunis" şäherine eden soňky hüjüminde 16 palestinaly şehit boldy.

IRNA-nyň duşenbe güni beren habaryna görä, sionistleriň Gaza zolagynyň günortasynda ýerleşýän Han Ýunis şäheriniň gündogaryna agyr we yzygiderli hüjümleri netijesinde başga-da onlarça adam ýaralandy.

Han Ýunisiň gündogaryndaky "Khuza'a" we "Absan al-Kabirah" sebitleri hem Kudysy basyp alyjy güýçler tarapyndan nyşana alyndy.

Sionist basybalyjylar şeýle hem Gaza şäheriniň gündogaryndaky "Al-Farahin", "Al-Motahan", "Al-Karara", "Şeýh Naser" we "Al-Zaýtoun" sebitlerini nyşana aldylar netijede Palestialylyryň bir topary şehit boldylar.

Sionist režimiň artilleriýasy hem Gaza zolagynyň merkezindäki "Al Brij lageriniň" demirgazyk etraplaryny we Rafahyň gündogaryndaky sebitleri bombalady, netijede onlarça adam şehit boldy we köp adam ýaralandy.

Şol bir wagtyň özünde, sionist režim goşunynyň Gaza zolagynyň günortasynda ýerleşýän Rafah şäherine edýän hüjümleriniň güýçliligi sebäpli halas edijiler ýaralananlara kömek edip bilmeýärler.

Gaza zolagynyň merkezindäki Nusirat düşelgesiniň demirgazygyna hem Ysraýyl goşunynyň artilleriýasy agyr ok atdy.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi, Sionist režimiň Gaza zolagynda eden jenaýatlarynda şehit bolanlaryň we ýaralananlaryň soňky statistikasyny yglan edip Sionist režimiň Gaza zolagyna hüjümleri başlaly bäri bu sebitde 38 983 palestina raýaty şehit bolandygyny we 89,727 adam ýaralanandygyny habar berdi.

Tags