Pelosi: Ermenistanyň serhetleriniň üýtgemegine garşydyrys
ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň başlygy bu ýurduň Ermenistanyň demokratiýasyny birleşdirmek we ýurduň serhedini üýtgetmek synanyşygynyň öňüni almak ugrundaky tagallalaryny yglan etdi.
Ermeni metbugat habar gullugynyň habaryna görä, şenbe gününden üç günlük sapar bilen Ermenistanda bolan ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň başlygy "Nensi Pelosi" Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistanyň arasyndaky soňky konfliktler barada Waşingtonyň pozisiýasy zorlugy we ot açyşlygy derrew bes etmekdir diýdi.
Pelosi ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň Azerbaýjan Respublikasynyň hereketlerini ýazgarýan karar hödürländigini aýtmak bilen ýakyn wagtda tassyklanar diýip umyt edýäris diýdi.
Bu sapar wagtynda Pelosi Ermenistanyň özygtyýarlylygynyň Waşington üçin gymmatlydygyny toslady.
Ol şeýle-de Azerbaýjan respublikasynyň hüjümlerini bikanun diýip atlandyrdy we ýazgardy.
Pelosiniň bu sözleri Bakuwyň reaksiýasyna sezewar boldy we Azerbaýjan respublikasy bu sözleri öz içeri işlerine "gatyşmak" diýip häsiýetlendirdi.