Oct 02, 2023 12:43 Asia/Ashgabat

Müsüriň Saglygy goraýyş ministrligi Esmailieh şäherinde (Müsüriň demirgazygy) howpsuzlyk bölüminiň binasynda bolup geçen ýangynda 26 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

IRNA habar gullugynyň duşenbe güni beren habaryna görä, Müsüriň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Hossam Abdol Gafur" heläkçilik bolan ýere 50 gyssagly ulagyň iberilendigini we demikmek sebäpli 26 ýaralanan adamyň keselhana äkidilendigini aýtdy.

OL şeýle-de ýaralananlaryň 7-siniň keselhanadan çykarylandygyny aýtdy.

Şu gün duşenbe irden Esmailieh welaýatynda (Kairiň demirgazyk-gündogarynda) howpsuzlyk bölüminiň binasynda uly ýangynyň ýüze çykdy we ýangynyň söndürilmegi üçin 3 sagatdan gowrak wagt sarp edidi.

Müsüriň habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, bu wakada bu edara binasynyň bir bölegi ýykyldy.

Bu habarlara görä, Müsüriň prokuraturasy bu waka boýunça derňew işine başlady.

Tags