Apr 01, 2024 12:18 Asia/Ashgabat
  • UNISEF-iň sionist režimiň Gazanyň çagalary üçin alyp baran söweşiniň aýylganç netijeleri barada duýduryşy

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ICEUNISEF) metbugat sekretary Gaza zolagynyň çagalarynyň Sionist režiminiň Gaza zolagyna garşy alyp baran söweşiniň we açlygynyň agyr netijelerinden ejir çekmegini dowam etdirýändigini we dünýä diňe olaryň ýagdaýyna syn edýändigini duýdurdy.

IRNA-nyň ýekşenbe güni beren habaryna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ICEUNISEF) metbugat sekretary "Jeýms Elder" "X" sosial ulgamynda iberen habarynda Gaza zolagynyň çagalary Sionist režiminiň söweşiniň we açlygynyň aýylganç netijeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada duýduryş bermek bilen Gaza zolagynda haýal etmän ot açyşlygyň bes edilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Jeýms Elder, dünýäniň diňe Gaza zolagynyň çagalarynyň görgülerine we açlygyna syn edýändigini aýtmak bilen bu sebitiň çagalary ýuwaş-ýuwaşdan we dünýäniň gözüniň alnynda ölýärler we Gaza zolagynda müňlerçe çaganyň ömri olary halas etmek üçin gyssagly çärelere baglydyr diýdi.

UNISEF we Bütindünýä azyk guramasy tarapyndan Gaza zolagynyň demirgazygynda 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen gözlegler zolakdaky çagalaryň takmynan 16 göteriminiň ýeterlik iýmitlenmeýändigini görkezýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde hökmany karar kabul edilendigine we halkara jemgyýetçiliginiň Gaza zolagynda ot açyşlygyň bes edilmegini we bu zolagyň ilaty üçin ynsanperwer kömegini üpjün etmeginiň haýyşyna garamazdan, genosid sionist režimi Gaza zolagyna garşy jenaýatlaryny we hüjümlerini dowam etdirýär.