Apr 19, 2024 15:58 Asia/Ashgabat
  • Amerika Palestinanyň Birleşen Milletler Guramasyna doly agza bolmagy baradaky karara weto goýdy

Ysraýylyň esasy goldawçysy Amerika, weto hukugyndan hyýanatçylykly peýdalanmak bilen palestinalylaryň hukuklaryny pese gaçyrmak syýasatyna laýyklykda Palestinanyň Birleşen Milletler Guramasyna doly agza bolmagy baradaky karary başa barmady.

IRNA-nyň habaryna görä, Alžir Palestinanyň Birleşen Milletler Guramasyna doly agza bolmagy üçin karar taslamasyny Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine hödürledi we bu geňeşiň ses berişligi ýerli wagt bilen penşenbe güni agşam geçirildi we Howpsuzlyk Geňeşiniň 15 agzasynyň 12 agzasy bu rezolýusiýany goldady, Angliýa we Şweýsariýa ses bermedi, Amerika bolsa bu negatiw ses bilen weto goýdy.

Indi, Palestinanyň Birleşen Milletler Guramasyna doly agza bolmagy baradaky karara weto goýmak bilen, Amerika Palestini we ezilen halky goldamak baradakytoslamasynyň şygarlardan başga zat däldigini, hatda Palestiniň Birleşen Milletler Guramasynda doly agzalygyna goldaw bermek üçin ses bermek islemeýändigini ýene bir gezek görkezdi.

Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Wasiliý Nebenzia, Palestinanyň Birleşen Milletler Guramasyna doly agza bolmagy baradaky weto meselesine ABŞ-nyň maksady palestinalylaryň erkini bozmak we olary öz ýurtlaryndan kowmak diýdi.

Palestina häzirki wagtda BMG-de hemişelik synçydyr. 2011-nji ýylda Palestina Birleşen Milletler Guramasyna hemişelik agza bolmak üçin ýüz tutdy.

Aprel aýynda Palestina BMG Howpsuzlyk Geňeşine hat iberip, BMG-nyň hemişelik agzasy hökmünde täzeden gözden geçirilmegini isledi.

Tags